Klopp «Li­wer­pul­dan», Ha­wi «Bar­se­lo­na­dan» gid­ýär

2 Fewral 2024
423

Ge­çen hep­dä­niň ahy­ryn­da Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy 2 klu­bun­dan bir­meň­zeş ha­bar ge­lip go­wuş­dy. «Pre­mi­er Li­ga­da» çem­pi­on­ly­ga ym­tyl­ýan «Li­wer­pul» to­pa­ry­nyň hem-de «La Li­ga­da» ge­çen möw­sü­miň çem­pio­ny «Bar­se­lo­na­nyň» tä­lim­çi­le­ri möw­sü­miň ahy­ryn­da tä­lim­çi­lik ed­ýän klub­la­ryn­dan git­jek­dik­le­ri­ni aýt­dy­lar.

«Pre­mi­er Li­ga­da» hä­zir­ki wagt­da sa­na­wyň 1-nji or­nun­da bar­ýan «Li­wer­pul» to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­si Ýur­gen Klopp möw­sü­miň ahy­ryn­da klub­dan gid­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. 56 ýa­şyn­da­ky ger­ma­ni­ýa­ly hü­när­me­niň we­zi­pe­si­ni taş­la­jak­dy­gy klu­buň so­si­al me­dia ul­ga­my ar­ka­ly ha­bar be­ril­di. Klopp: — Bu ha­ba­ry eşi­de­ni­ňiz­de kö­pi­ňiz geň ga­lyp bi­ler­si­ňiz. Ýö­ne mu­ny si­ze dü­şün­dir­mek­çi. Men «Li­wer­pu­ly» go­wy gör­ýän, bu şä­he­ri, to­pa­ry, jan­kö­ýer­le­ri, to­pa­ryň dü­zü­mi­ni ha­la­ýa­ryn. Ýö­ne şeý­le ne­ti­jä gel­dim. Güý­jüm gu­tar­ýar. Hä­zir­ki wagt­da me­se­le ýok. Em­ma şu ha­ba­ry ber­me­li­di­gi­mi köp wagt­dan bä­ri bil­ýä­rin. Şu wagt ýag­da­ýym go­wy, ýö­ne... — di­ýip, be­ýa­nat ber­di.