Dünýä Ralli çempionatynyň täze 52-nji möwsümine badalga berildi. Möwsümiň ilkinji ýaryşy adatça bolşy ýaly, Monakonyň paýtagty Monte-Karloda geçirildi. 17 tapgyrdan ybarat bolan 324,44 kilometrlik ýaryşda «Hyundai Shell Mobis» toparynyň belgiýaly sürüjisi Tierri Noýwill ýeňiş gazandy. Ol 3 sagat 9 minut 30,9 sekuntda ýaryşy tamamlap, karýerasyndaky 20-nji ýeňşini baýram etdi.
Ýaryşda 2–3-nji orunlary «Toyota Gazoo» toparynyň sürüjileri eýeläp, ýeňijiden 16,1 sekunt yza galan fransiýaly Sebastian Ožie 2-nji, 45,2 sekunt soň pellehana gelen britaniýaly Elfin Ewans 3-nji ýere mynasyp boldy.