"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Döwrebap şertlerden peýdalanyp

Ýurdumyzda ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagy, bilim edaralarynda täze, döwrebap mümkinçilikleriň we şertleriň döredilmegi netijeli we ýadawsyz işlemäge, Watanyň geljegi üçin kämil ýaşlary taýýarlamaga bolan höwesimizi has hem artdyrýar. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýaşlara daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge giň ýoluň açylmagy hem bizi örän begendirýär. Bilim edaralarynyň häzirkizaman bilim tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylmagy orta mekdeplerde okuwçylara daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge, zehinli ýaşlaryň ýüze çykmaklaryna we olaryň kämilleşmeklerine şert döredýär. Biz hem «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen meýilnamalaýyn çäreleri yzygiderli alyp barýarys. Bular dogrusynda ýanwar aýynda geçirilen usuly-amaly okuw maslahatynda hem etrabymyzyň tejribeli mugallymlarynyň täsirli çykyşlaryny diňledik. Etrabymyzdaky 38-nji orta mekdepde iňlis dili mugallymlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen şol maslahatda biz multimediýa tagtalaryndan, internet torundaky maglumatlardan we kompýuter programmalaryndan ýerlikli we netijeli peýdalanmak arkaly okuwçylaryň iňlis dili sapaklaryny çuňňur özleşdirmeklerini gazanmak meselesiniň üstünde aýratyn durup geçdik. Bilelikde tejribe alyşmaga uly mümkinçilik döreden bu maslahatda mugallymlar geçilýän mowzuga

Röwşen döwrüň ganatynda

Sözleýiş medeniýeti kämil bolmagyň ilkinji şertleriniň biri bolsa gerek. Eýsem, sözleýiş medeniýetini nämeleriň üsti bilen kämilleşdirip bolar? Munuň üçin ilkinji çeşmeleriň biri çeper eserlerdir. Sözleýiş medeniýeti bilen çeper eserleriň arasyndaky baglanyşyk birnäçe ýyldan bäri meni özüne çekip gelýär. Şeýle bolansoň, mugallymlarymyň kömegi bilen bu baglanyşygy çuňňur öwrenmegi maksat edindim. Şeýdip hem «Sözleýiş medeniýetiniň kämilleşmeginde çeperçilik serişdeleriniň ähmiýeti» atly ylmy-taslama işime girişdim. Ylmy gözlegler üçin saýlap alan mowzugym mekdep okuwçysy üçin aňsat bolmasa-da, onuň jümmüşine siňdigimçe, özüm üçin garaşylmadyk täzelikleriň üstünden bardym. Her täzelik höwesimi, yhlasymy goşalandyrdy.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Geljegimiziň aladasy Gahryman hem mähriban Arkadagymyz ýaş nesil hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri edip goýdy. Abadan geljegimizi nazarlaýan şu wezipäniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa bilim işgärlerine baglydyr. Aslynda döwletimiz ajap eýýamymyzyň mynasyp neslini kemala getirmekde mugallymlara jogapkärli wezipäni ynanýar. Bilşimiz ýaly, abadan geljegimiz ýaş nesile şu günki berýän bilim-terbiýämiziň hiline bagly bolup durýar. Şonuň üçinem mugallymlar döwrümiziň ylymly-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlaryny kemala getirmekde uly tagallalar edýärler.

Terbiýeçileriň hünär ussatlygy

AK BUGDAÝ. Etrapdaky 18-nji çagalar bagynda «Ýylyň terbiýeçisi — 2021» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Ony etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi bilelikde gurady. Ýurdumyzyň ussat terbiýeçileriniň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna etrapdaky mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işgärleri gatnaşyp, onuň degişli şertleri boýunça çykyş etdiler.

Utgaşdyrylan sapaklary guramak

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýaşlara ylym-bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, okatmakda innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak bilim işgärleriniň öňünde uly wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döwrüň talabyna laýyk bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredýär. Sanly bilim ulgamy barha kämilleşdirilýär. Bu döredilýän şertlerden peýdalanyp, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim bermek mugallymlaryň jana-jan borjudyr. Sapak geçilende innowasion tehnologiýalardan, elektron gollanmalardan peýdalanmak okuwçylaryň temany has netijeli özleşdirmegine ýardam berýär, çünki görmek arkaly öwrenilen tema eşitmek arkaly öwrenilen temadan has gowy özleşdirilýär. Sapakda dersara baglanyşygy ulanmak bolsa okuwçylara düşündirilýän temanyň has üns çekiji bolmagyna getirer. Şu aýdylanlardan ugur alyp, men öz okadýan 8-nji synpymda informatikadan “Multimedia elementleri bilen prezentasiýalary döretmek» diýen temany geçenimde edebiýat dersi bilen baglanyşdyrdym. Sapakda öýe berlen ýumuşlary sorap, öý işini jemlänimden soň, okuwçylara birnäçe soraglary hödürledim, mysal üçin, “Gurbannazar Ezizow kim?”, “Gurbannazar Ezizowyň nähili goşgularyny bilýärsiňiz?”.

Halkara bäsleşigiň ýeňijileri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy, öz saýlan ugurlary boýunça ukyp-başarnyklaryny, döredijilik zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Mekdep okuwçylary dürli bäsleşiklere gatnaşyp, zehinlerini görkezýärler. Zehinli okuwçylar diňe bir ýurdumyzyň çäginde guralýan bäsleşiklere gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem daşary döwletlerde guralýan bäsleşiklerde hem öz ukyplaryny görkezýärler. 2020-nji ýylyň 10 — 15-nji dekabrynda Özbegistan Respublikasynda dünýäniň birnäçe döwletleriniň çagalarynyň gatnaşmagynda guralan “Daşkentiň şatlygy” atly VIII halkara surat bäsleşigine ýurdumyzyň çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň hem birnäçesi gatnaşdy. Şolardan Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Ogulnyýaz Orazmuhammedowa çeken suraty üçin bäsleşigiň kümüş medalyna hem-de diplomyna mynasyp boldy. Şeýle hem Ahal welaýatynyň Tejen şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Gülälek Körhanowa çeken suraty üçin höweslendiriji baýraga we bäsleşigiň sertifikatyna, ýadygärlik nyşanyna mynasyp boldy.

Iňlis dilinde işlikler

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ylym-bilimiň ösüşine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamy ösdürilýär, innowasion tehnologiýalar durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda ýaşlara ylym-bilim öwrenmäge giň mümkinçilikler, ähli şertler bar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ene dilimizi we dünýä dillerini öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär.

Üstünlikleriň aýdyň ady

Diýarymyzda bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi giň düşünjeli, ylymly, bilimli ýaşlary ýetişdirmegiň esasy şerti bolup durýar. Bu ösüşlerde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, sanlylaşdyrylan ulgama giňişleýin geçmek boýunça strategik özgertmeleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ulgamyň ösüşiň täze derejelerine çykmagyna gönüden-göni gatnaşjak ýaşlarymyzyň okamagy üçin ähli şertleri döretmeli, olary bu işe doly taýýarlamaly. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda Türkmenistanda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmegi, ýaýratmagy, durmuşa ornaşdyrmagy maksat edinýän meýiller ylmy esasda alnyp barylýar. Bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gory, elektron kitaphanalar döredilýär. Çünki elektron kitaphanalar pudaklary sanlylaşdyrmakda alnyp barylýan işlerde düýpli özgertmeleri we ösüşleri amala aşyrmagy üpjün edýär. Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleriň ulanylyş mümkinçiliklerini yzygiderli giňeltmek netijesinde ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak bilim syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.

Nesil terbiýesiniň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Ylym-bilim bolsa dünýäniň açarydyr. Şeýle bolansoň, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan bilim syýasaty bu ulgamy döwrebap ösdürmekde, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek meselesini oňyn çözmekde uly ähmiýete eýedir. Çünki ösen şahsyýeti kemala getirmek ýurduň kuwwatlanmagynyň we jemgyýetimiziň ösüşiniň düýp özenidir. Ýurdumyzda bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek we bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary derejeli elek- tron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanyp, bilimiň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda alnyp barylýar. Bu bolsa sowatly ýaşlaryň kemala gelmegine hem-de döwletimiziň ösüşlerine esas bolup durýar.

Biziň baş maksadymyz

Ýurdumyzyň ösüşleriň ýoly bilen öňe gitmeginde bilim ulgamyna möhüm orun degişli bolup durýar. Hut şol esasdanam häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesliň bilim-terbiýeli, berk bedenli we sagdyn ruhly, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak we dünýä hil ülňülerine laýyk getirmek üçin ençeme möhüm resminamalara gol çekdi. Şol resminamalar maksada okgunly nesli kemala getirmekde, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamakda ýokary görkezijileri gazanmak maksadyndan ugur alýar. Şolaryň netijesinde hem ýaş nesle çuň bilim we döwrebap terbiýe bermekde uly üstünlikler gazanylýar. Ýaş nesillerimiz barada döwlet derejesinde alada edilmegi netijesinde Watana, il-güne wepaly, giň düşünjeli adamlar kemala gelýär.

Dil — bilimiň binýady

Hormatly Prezidentimiziň kabul eden «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Daşary ýurt dillerini okatmak boýunça täze tehnologiýalary okuw işinde giňden ulanmak we yzygiderli kämilleşdirmek meselesi Konsepsiýanyň ilkinji nobatdaky wezipeleridir. «Dünýä dilden başlanýar» diýilýär. Elbetde, ýakyn gatnaşyklar, dostluk hem dilden başlanýar. Dostluk ýollary dünýäniň çar ýanyna uzaýan Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň iki-üç dili bilmegine uly ähmiýet berýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen berkarar döwletimizde çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerimizde daşary ýurt dilleri okadylyp gelinýär.

Çagalar baglarynda öňdebaryjy usullar

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalanýar, bilim ojaklarynda döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak doly ýola goýulýar. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda elektron gorlaryny edinmek, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler giň gerim alýar. Elektron tanyşdyryşlar sesli, dürli şekiller arkaly hereketli (animasiýa arkaly) berlende çaga üçin has hem gyzykly bolýar. Çaganyň ünsüni çekmek, berilýän maglumaty ýatda galyjy edip düşündirmek her bir terbiýeçiniň, mugallymyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Kompýuter, multimediýa tehnologiýalary okatmagyň usullarynyň kämilleşmegine getirdi, öň ulanylyp gelinýän usullary, ýagny sözüsti usullaryny baýlaşdyrdy. Munuň özi okatmak usullaryna täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Gürrüň bermek usuly sapaklarda seýrek ulanylyp, çaganyň döredijilikli, özbaşdak işlerini guramak usullaryna uly orun berilýär.

Innowasion tehnologiýalar durmuşa geçirilýär

XXI asyr maglumat tehnologiýalarynyň barha ýokary depginler bilen ösýän döwrüdir. Häzirki wagtda ylmyň iň soňky gazananlary bolan innowasion tilsimatlar durmuşymyzyň ähli ulgamlarynda özüniň mynasyp ornuny tapdy. Munuň özi ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagyny, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegini üçünji müňýyllygyň derwaýys talaby hökmünde öňe çykardy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Bu babatda ulgamyň işini döwrebap guramak we innowasiýa üpjünçiligini gowulandyrmak, tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we sanly bilime geçmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Körpeleri halk döredijiligi esasynda terbiýelemek

Bagtyýar döwrümizde çagalara milli ruhda terbiýe bermekde, olarda Watana, halka wepalylygy terbiýelemekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hyzmaty uludyr. Biz ösüp gelýän ýaş nesle durnukly bilim bermek bilen, olary milli ruhda terbiýelemek üçin yhlas edýäris. Terbiýeli, edepli-ekramly, düşünjeli, watansöýüji, zähmetsöýer perzent ata-enä-de, ýurda-da gerek. Geljegine ynamly adam ýaşamaga-da, işlemäge-de höwesli bolýar. Türkmen balasynyň edebiniň kämil bolmagy üçin ähli döwürlerde hiç halkdan pesde durmandygyny halk arasyndaky şu täsin tymsaly ýatlamak bilen göz ýetirse bolýar. Ata-ene gundagdaky perzentlerine haçan edep-terbiýe berip başlamalydygy barada maslahat sorap, akyldaryň ýanyna barýarlar. Akyldar çaganyň alty aýlyk bolandygyny eşidende, ol: «Eýýäm alty aý gijä galypsyňyz» diýip jogap berýär. Şu tymsaldan görnüşi ýaly, ähli zat çaganyň beýnisi bekemänkä onuň bilen alnyp barylýan terbiýeçilik işine bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň eserleri, kitaplary çaga terbiýesi bilen gönüden-göni iş salyşýan terbiýeçiler üçin bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Biz terbiýeçiler çagalar bagynda körpelere Watana, halka wepalylygy terbiýelemekde, okuw-terbiýeçilik işlerinde hormatly Prezidentimiziň

Täze sözleri öwretmegiň usullary

Ylmyň täze gazananlarynyň jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda özüniň mynasyp ornuny tapmagynda diliň ýerine ýetirýän hyzmaty uludyr. Dil halkara, döwletara syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary göwnejaý ýola goýmakda, halkara ykdysady hyzmatdaşlygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygider we üstünlikli alyp barmakda möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyk ugrunyň barha giňemegi türkmen dilini doly we çuňňur öwrenmek bilen bir hatarda dünýä dillerini öwrenmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň ene dilimizden başga-da, rus, iňlis we beýleki dünýä dillerini öwrenmelidigini häli-şindi nygtaýar. Şol sebäpden, dünýä döwletleri bilen özara gatnaşyklary ýola goýmakda, ösdürmekde we kämilleşdirmekde işjeň ulanylýan halkara iş dili hökmünde iňlis we rus dilleriniň öwrenilişine aýratyn ähmiýet berilýär.

Çagalaryň dürs sözleýşini kämilleşdirmek

Ýaş nesillerde dürs we medeniýetli sözleýşi kemala getirmek işini çagalar baglaryndan başlamak möhüm wezipeleriň biridir. Okuw maksatnamasyna laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda sözleýiş dilini ösdürmegiň mazmuny çagalara sözleriň manysyna düşünmek, sözi sözlem içinde ulanyp, dogry sözläp bilmek, harplary ýazyp we okap bilmek başarnyklaryny terbiýelemekden ybaratdyr. Çagalar baglarynda çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde çeper eserleri (erteki, hekaýa), goşgulary labyzly aýtdyrmak, dürli oýunlary oýnamak, suratlar bilen işlemek, tebigata gezelenç guramak ýaly usullardan peýdalanmak maksadalaýykdyr. Çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmek işi ähli sapaklarda we olardan daşary guralýan usuly işlerde dowam etdirilmelidir, sebäbi her bir sapakda daş-töwerekdäki bolýan hadysalar çagalaryň aňynda şöhlelenip, olaryň sözleýiş diline täsir edýär. Çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde ene dilini öwretmek bilen bir hatarda, olaryň pikir ýöredip bilmekleri, netije çykarmaklary, zatlar bilen hadysalaryň arasyndaky baglanyşygy seljerip bilmekleri öwredilýär. Çaga terbiýesinde maşgalanyň hem orny uludyr, sebäbi maşgalada ata-enäniň her bir hereketine, göreldesine eýerýän çagalar sözleýişde-de şol endige eýerýärler. Çagalara ýaşlykdan dürs we dogry sözlemek öwredilmelidir. Käbir ata-eneler ýaňy dil biten çagalarynyň diline guwanyp, olaryň ýalňyş sözlemegine ýol berýärler. Şeýle ýagdaýda

Işjanly halypa

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär we ösdürilýär. Ýurdumyzda ýaş nesle döwrebap bilim berýän, milli ýörelgeler esasynda, watansöýüjilik ruhunda terbiýeleýän mugallymlar köp. Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Tirkeş Toýlyýew hem bar. Tirkeş Toýlyýew 1973-nji ýylda häzirki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny tamamlap, etrabyň 35-nji orta mekdebinde zähmet ýoluna başlady. Ol häzirki wagtda etrabyň 50-nji orta mekdebinde türkmen dili we edebiýat mugallymy bolup işleýär. Tirkeş mugallym özüne berkidilen türkmen dili we edebiýat otagyny döwrebap enjamlaşdyryp, sapaklarynda okatmagyň dürli usullaryny guraýar. Geçýän temalaryny görkezme esbaplardan, dürli tehniki serişdelerden peýdalanyp guraýar. Tirkeş Toýlyýew baý iş tejribesine daýanyp, okadýan okuwçylaryny ders bäsleşiklerine taýýarlap, olaryň baýrakly orunlara eýe bolmagyny gazanýar. Onuň ozalky okuwçysy Aýbibi Öwezmyradowa türkmen dili we edebiýat dersi boýunça geçirilen ders bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda iki gezek birinji orna, döwlet tapgyrynda 3-nji orna Saparjemal Öwezowa “Taslama-döredijilik” bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda birinji o

Bilimler dünýäsi — bagtyýarlygyň binýady

Berkarar Watanymyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmeklige aýratyn ähmiýetiň berilmegi Diýarymyzyň ösüşleriniň möhüm şerti bolmak bilen bir hatarda, ýaş nesil, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň geljegi baradaky aladany hem öz içine alýar. Durmuş ylym bilen öňe gidýär, ösýär hem özgerýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, döwletimizde umumy orta bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy wezipesi ýokary derejede bilimli nesilleri kemala getirmek, geljekde hünär derejesi ýokary bolan işgärleri taýýarlamak üçin olary öňdebaryjy dünýä tejribesine we halk pedagogikasynyň baý mirasyna daýanyp terbiýelemek bolup durýar. Taryha ýüzlenenimizde hem, halkymyzyň ylym-bilime we sowatly, dana adamlara aýratyn sarpa goýandygyna göz ýetirmek bolýar. Şonuň netijesinde «Goýun bakan çöl tapar, ylym okan ýol tapar», «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag», «Ylym akyldan dem alar», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» ýaly paýhasly pentler döräpdir. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hem-de öňdengörüjiligi bilen milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, ylmyň ösdürilmegi halkymyzyň asylly ýörelgelerine daýanýar.

Ösüşlerimiziň ygtybarly esasy

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamynda uly işler amala aşyrylýar. Ýaş nesil hakdaky alada mähriban Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän ähli özgertmeleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Gahryman Prezidentimiziň ýokary derejede sowatly, ruhy taýdan baý, berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek boýunça geçirýän işleriniň, badalga beren özgertmeleriniň netijesinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamy täze ösüşleri başdan geçirýär.  Milli Liderimiz ýurdumyzda alnyp barylýan ylym-bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, ýaş nesliň belent ynsanperwerlik we watançylyk ruhunda terbiýelenmeginiň mugallymlaryň, terbiýeçileriň, umuman, bilim işgärleriniň başarnyklaryna, hünär ussatlyklaryna, öňdebaryjy iş tejribelerine baglydygyny yzygiderli nygtaýar. Başlangyç synplardan başlap, ähli synpda okaýan okuwçylara çuňňur hem döwrebap bilim bermek, milli ýörelgelerimiz esasynda edep-terbiýe öwretmek bilim işgärleriniň möhüm wezipesi bolup durýar. Şundan ugur almak bilen, sapaklarda, terbiýeçilik maksatly çärelerde dürli usullardan peýdalanýarys. 

Talyplar bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlar bilen duşuşyk geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çärede çykyş edenler üstümizdäki ýylyň şeýle atlandyrylmagynyň her bir türkmenistanlynyň buýsanjyny artdyryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrandygyny nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzda uly ösüşleriň gazanylýandygy, belent sepgitlere ýetilýändigi, ýurdumyzyň ykdysady taýdan barha kuwwatlanýandygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha ýokarlanýandygy, häzirki wagtda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýandygy, tutuş Ýer ýüzünde belent abraý-mertebä eýe bolýandygy barada çykyşlarda birin-birin durlup geçildi.