Üstünlikleriň aýdyň ady

27 Fewral 2021
1362

Diýarymyzda bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi giň düşünjeli, ylymly, bilimli ýaşlary ýetişdirmegiň esasy şerti bolup durýar. Bu ösüşlerde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, sanlylaşdyrylan ulgama giňişleýin geçmek boýunça strategik özgertmeleriň ähmiýeti diýseň uludyr.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ulgamyň ösüşiň täze derejelerine çykmagyna gönüden-göni gatnaşjak ýaşlarymyzyň okamagy üçin ähli şertleri döretmeli, olary bu işe doly taýýarlamaly. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda Türkmenistanda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmegi, ýaýratmagy, durmuşa ornaşdyrmagy maksat edinýän meýiller ylmy esasda alnyp barylýar. Bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gory, elektron kitaphanalar döredilýär. Çünki elektron kitaphanalar pudaklary sanlylaşdyrmakda alnyp barylýan işlerde düýpli özgertmeleri we ösüşleri amala aşyrmagy üpjün edýär. Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleriň ulanylyş mümkinçiliklerini yzygiderli giňeltmek netijesinde ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak bilim syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.

Annadursun TATOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.