Röwşen döwrüň ganatynda

1 Mart 2021
865

Sözleýiş medeniýeti kämil bolmagyň ilkinji şertleriniň biri bolsa gerek. Eýsem, sözleýiş medeniýetini nämeleriň üsti bilen kämilleşdirip bolar? Munuň üçin ilkinji çeşmeleriň biri çeper eserlerdir. Sözleýiş medeniýeti bilen çeper eserleriň arasyndaky baglanyşyk birnäçe ýyldan bäri meni özüne çekip gelýär. Şeýle bolansoň, mugallymlarymyň kömegi bilen bu baglanyşygy çuňňur öwrenmegi maksat edindim. Şeýdip hem «Sözleýiş medeniýetiniň kämilleşmeginde çeperçilik serişdeleriniň ähmiýeti» atly ylmy-taslama işime girişdim.

Ylmy gözlegler üçin saýlap alan mowzugym mekdep okuwçysy üçin aňsat bolmasa-da, onuň jümmüşine siňdigimçe, özüm üçin garaşylmadyk täzelikleriň üstünden bardym. Her täzelik höwesimi, yhlasymy goşalandyrdy.

Aýlar ERNEPESOWA,
Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň okuwçysy.