Halkara bäsleşigiň ýeňijileri

28 Fewral 2021
1217

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy, öz saýlan ugurlary boýunça ukyp-başarnyklaryny, döredijilik zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Mekdep okuwçylary dürli bäsleşiklere gatnaşyp, zehinlerini görkezýärler. Zehinli okuwçylar diňe bir ýurdumyzyň çäginde guralýan bäsleşiklere gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem daşary döwletlerde guralýan bäsleşiklerde hem öz ukyplaryny görkezýärler.

2020-nji ýylyň 10 — 15-nji dekabrynda Özbegistan Respublikasynda dünýäniň birnäçe döwletleriniň çagalarynyň gatnaşmagynda guralan “Daşkentiň şatlygy” atly VIII halkara surat bäsleşigine ýurdumyzyň çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň hem birnäçesi gatnaşdy. Şolardan Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Ogulnyýaz Orazmuhammedowa çeken suraty üçin bäsleşigiň kümüş medalyna hem-de diplomyna mynasyp boldy. Şeýle hem Ahal welaýatynyň Tejen şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Gülälek Körhanowa çeken suraty üçin höweslendiriji baýraga we bäsleşigiň sertifikatyna, ýadygärlik nyşanyna mynasyp boldy.

Ogulgurban REJEPOWA,
“Mugallymlar gazeti”.