"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Jebisligiň we sungatyň toýy

Ýurdumyzda asylly däbe öwrülip, her ýyl uly dabaralara beslenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, bu baýramçylyk mynasybetli, Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi barha golaýlaýar. Halkymyzyň milli medeni mirasynyň, maddy we ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň häzirki zaman ösüşini täze belentliklere götermek ugrunda ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň döwrüň talabyna laýyk derejede gülläp ösmegi, onuň mazmunynyň, çeperçiliginiň, milliliginiň has baý, täze öwüşginlere eýe bolmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda medeni maksatly binalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi täze zehinleriň ýüze çykmagyna, çuň many-mazmunly eserleriň, zamanabap aýdym-sazlaryň döremegine itergi berýär.

Saz dünýäsiniň ägirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys. Gysga ömründe dünýä saz sungatynda öz möhrüni goýmagy başaran saz äleminiň parlak ýyldyzy, zehinli kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Nury Halmämmedowyň ajaýyp eserlerinde halkylyk, milli folklor öz beýanyny tapýar. Onuň saz eserleriniň her biriniň halkyň göwnünden turýandygyny hem şonuň bilen düşündirse bolar. Onuň döreden sazlary, sözüň doly manysynda, türkmen halkynyň milli mirasynyň dürdäneleriniň bir bölegi hökmünde taryha girdi. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Nury Halmämmedow, Weli Muhadow, Çary Nurymow ýaly zehinli kompozitorlarymyzyň her biriniň döredijiligi giden bir ummandyr» diýip belleýär.

Okuw maslahaty geçirildi

Ýakynda Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi bilen Mary welaýatynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň arasynda onlaýn arkaly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynyň dowamynda Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Halk saz gurallary» bölüminiň 3 ýyl talyby Didar Annamuhammedow, şol mekdebiň mugallymy Hoşgeldi Hojaýew, şeýle-de Sapa Amanowdyr Muhammetazym Nasyrow dagy bilelikde dürli gurallarda tehnikaly sazlary, türkmen halk sazlary bilen çykyş etdiler. Mary welaýatynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky sungat mekdebiniň 3 ýyl talyby akkordeon saz guralynda «Durdy bagşy», «Söýli halan» ýaly türkmen halk sazlaryny, Joraýew Röwşen we Ýagmyrowa Gülbahar daşary ýurt saz gurallarynda «Tike-tike», «Libertango» sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bulardan başga-da Seýitnazar Mämmedow daşary ýurt saz gurallarynda türkmen halk sazlaryny çalyp bolýandygy barada gyzykly gürrüňler bilen çykyş etdi. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar milli medeniýetimiziň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

Toýa taýýarlykly barylýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen medeniýeti, sungaty zamanabap ösüşleri başdan geçirýär. Medeniýetiň, sungatyň ösmegi halkyň täzeçe ruhy ösüşiniň güwäsidir. Türkmen medeniýeti, sungaty inçeligi özüne siňdiren milli däp-dessurlary, amaly-haşam işleri, şirin owazly aýdymlary, mukamlary bilen beýikdir. Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň ýylda uly dabaralara beslenip, giňden bellenilmegi hem guwandyryjydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda-da bu sene şatlyk-şowhuna beslener. Babadaýhan etrabynyň medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparlary, bagşy-sazandalary hem ajaýyp toý mynasybetli taýýarlyk işlerini alyp barýarlar. Şu günler medeniýet bölüminiň drama folklor tans toparynyň tansçylarydyr artistleriniň gatnaşmagynda aýdym-sazly edebi kompozisiýanyň we folklor çykyşlarynyň üstünde işlenilýär.

Watan mukaddesligi — köňülleriň senasy

Durmuşda şeýle bir sowallar bolýar. Ol sowallara ömrüň dürli döwürlerinde dürlüçe jogaplar berýärsiň. Iň gyzykly ýeri-de şol sowala berilýän dürlüçe jogaplaryň hemmesinde hem hakykatyň şöhlelenmesi duýulýar. Şöhratly taryha eýe bolan türkmen halkymyz asylly terbiýäni, milli ýörelgäni kemala getirdi. Asyrlardan asyrlara geçip gelýän şeýle asylly ýörelgede adam we adamyň ömri hakynda ençeme nakyllar döredilipdir. Hakykatdan hem, «Ömrüň manysy nämede-kä?». Bu — gyzykly sowal. Bu sowaly perzent ata-enesine-de ýa-da ata-ene perzendine-de berip biler. Ony okuwçy mugallymyna-da, mugallym okuwçysyna-da berip biler.

Ýaşlaryň kalp joşguny

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilmegi däbe öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry höwesjeň aýdymçy ýaşlar üçin özboluşly baýramçylyga öwrüldi. Änew şäherindäki Medeniýet öýüniň öňündäki giň meýdançada geçirilen bu bäsleşige onuň şäherdir etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan höwesjeň aýdymçylar gatnaşdylar. Zehinli ýaşlaryň çykyşlaryna tomaşa etmek üçin toý meýdançasyna welaýatyň dürli ýerinden gelen bagtyýar ildeşlerimiz, şol sanda halypa sungat ussatlarydyr aýdym-sazyň muşdaklary ýygnandylar. Älemgoşar öwüşginli bezemen sahnada aýdym-sazly çykyşlara giň gerim berildi. Höwesjeň ýaşlar gezekli-gezegine sahna çykyp, joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Zenana sarpa — milli ýörelgämiz

Zenanlara bolan çuňňur sarpadan gözbaş alýan, ýurdumyzda ýöredilýän gender syýasaty boýunça döwlet derejesinde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen işleriň ähmiýeti, bu syýasaty alyp barmak arkaly göz öňünde tutulan maksatlar hakda halka giňişleýin hem dogry düşünje bermek, esasan, jemgyýetçilik guramalarynyň paýyna düşýär. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň bu ugurda geçirýän işleri mazmun taýdan dürli-dürli. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgat eden «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda zenanlaryň deň hukuklydygyny wagyz etmekde uly gollanma bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň «Saglyk — abatlyk» diýlip atlandyrylan bölüminde şeýle diýilýär: «Adamlaryň saglygy baradaky alada, jemgyýetde zenan maşgalalara, çagalara we gartaşan adamlara nähili garalýandygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr».

Gadymy Lebap myhmanlara garaşýar

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýyl medeniýet we sungat hem-de döredijilik işgärleriniň hepdeligini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Hepdelik bu sapar Lebap welaýatynda, ýeri gelende aýtsak, ikinji gezek geçirilýär. Welaýatda Medeniýet hepdeligine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Hepdeligiň şanyna baý mazmunly, gyzykly we täsirli medeni çäreleriň uly topary meýilleşdirildi. Hepdeligiň açylyş dabarasy Türkmenabat şäherindäki Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada bolup geçer. Hepdeligiň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň aýratynlykda şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, milli saz gurallarynyň, kitap we neşir önümleriniň sergileri guralar. Myhmanlar ilkinji günde Ruhyýet köşgünde «Perzent çeşme bolsa, gözbaşy ata-enedir» atly maslahata hem gatnaşarlar.

Ra­ýat­lar üçin dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler

«Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy il­deş­le­ri­mi­ziň dynç al­mak üçin uly hö­wes bi­len bar­ýan ýer­le­ri­niň bi­ri. Hä­zir­ki wagt­da ol hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi­niň de­re­je­si­ne gö­te­ril­di. Mu­nuň özi aja­ýyp za­ma­na­myz­da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň ýe­ten yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy we me­de­ni ösüş­le­ri­niň aý­dyň ne­ti­je­si­dir. Bu ýer­dä­ki myh­man­ha­na­lar­da, sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­rin­de, kot­tež­ler top­lum­la­ryn­da ýo­ka­ry de­re­je­li hyz­mat­la­ry ýo­la goý­mak­da öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­ler or­naş­dy­ryl­ýar.

Ylham joşguny

Penjireden Aý bakyp dur Öýlermizi nura besläp,Penjireden Aý bakyp dur.Ýüze sylýar il höwesläp,Penjireden Aý bakyp dur.

Il­kin­ji ädim­ler

Ga­zet-žur­nal­la­ra elekt­ron abu­na­çy bol­mak üçin «akyl­ly» öý­jük­li te­le­fon­lar iň amat­ly se­riş­de­dir. Mu­nuň üçin, il­ki bi­len, te­le­fo­ny­ňyz­da­ky ha­sa­by­ňyz 60 ma­nat­dan köp bol­ma­ly. Soň­ra In­ter­net to­ru­na bi­rik­mek ar­ka­ly, And­ro­id gur­luş­ly te­le­fon­lar­dan «Play Mar­ket», IOS gur­luş­ly te­le­fon­lar­dan bol­sa «App sto­re» in­ter­net dü­ka­ny­na gi­rip, «turk­men­met­bu­gat.gov.tm» in­ter­net sa­hy­pa­sy­nyň mo­bil go­şun­dy­sy­ny ýük­läp al­ma­ly. Elektron abuna — okyjylara amatly mümkinçilikler

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe

YHLAS BILEN BIR KÄMILGE EL BERGEN... Ýene sanlyja günlerden mähriban halkymyz her ýylyň tomsunda uludan bellenilýän, ýokary ruhy joşgun döredip, hemişelik ýatda galýan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi uludan toýlar.

Sungatyň sarpalanýan mekany

Ak mermere beslenip, dünýä şugla saçýan ak şäherimiz Aşgabat hakda oýlananyňda, onuň şäher hökmünde geçen ýoly kalbyňda ýakymly duýgulary oýarýar. Aşgabat 1881-nji ýylda esaslandyrylandan soň, onuň şähergurluşygy dürli ugurlarda ösüpdir. Ilkinji nobatda, şäherde zawod-fabrikleriň gurulmagy iş bilen üpjünçilik meselesiniň çözgüdi bolupdyr. Aşgabatda, esasan, täjirçilik-söwda işine aýratyn üns berlip, kerwensaraýlar gurlupdyr. Bişen kerpiçden gurlan kerwensaraýlar we myhmanhanalar özboluşly binagärlik keşbine eýe bolupdyr. Munuň özi Aşgabadyň hut özüne mahsus şähergurluşyk medeniýetiniň bolandygyny görkezýär. Ýöne bu gözel binalar, bilşimiz ýaly, 1948-nji ýylda bolan ýertitremesinde ýykylypdyr. Aşgabat täsin sungat gözelligine hem eýedir. 1911-nji ýylda, ýagny mundan 110 ýyl ozal, Aşgabatda beýik rus nusgawy şahyry A.S.Puşkiniň ýadygärlik heýkeli oturdylypdyr. Bu heýkel özüniň özboluşlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Ol kämil sungat eseri hökmünde islendik adamyň ünsüni bada-bat özüne çekýär. Heýkel beýik şahyr Aleksandr Puşkiniň ruhy dünýäsini täsinlik bilen açýar. Puşkin gözüňe hem göwnüňe, hakykatdan-da, akyldar hem ynsanperwer şahsyýet bolup dolýar. Oňa seredeniňde, adalatly hem buýsançly, ýanbermez hem gaýduwsyz bir beýik ynsan örboýuna galýar. Halk hem Watan bilen birleşmegiň ajaýyp çözgüdini özünde jemleýän bu heýkel Ýer ýüzünde ähli halklary bir ýoldan — ýürekdeşlikden

Mukamlaryň sazlaşygynda

Günüň reňkini süňňüne siňdiren bugdaýly meýdanlaryň öz mukamly kompozisiýasy bar. Bu kompozisiýany bugdaýyň säheriň salkyn şemalyna ygşyldaýşy, atyzyň içinde o ýan ― bu ýan gatnaýan kombaýnyň tarryldysy, bereketli hasyldan öz paýyny almaga ymtylýan guşlaryň jürküldisi, kombaýnyň bunkerinden ýük ulagyna guýulýan bugdaýyň şygyrdysy, hasyla göhi gelip, iki ýana ylgaşlaýan daýhanyň aýagynyň sesi we ýene-ýeneler düzýär. Ýakynda bolsa bu meýdanlaryň mukamyna ýene-de bir ajaýyp mukam goşuldy. Medeniýet we sungat işgärleri gyzgalaňly işiň günortanky arakesmesinde zähmetsöýer gallaçylaryň öňünde aýdym-sazly çykyş guradylar. Şeýle joşgunly çykyşlar welaýatymyzyň ähli etraplarynda guraldy. Etrap medeniýet merkezleri tarapyndan möhüm oba hojalyk möwsüminiň bosagasynda düzülen meýilnama laýyklykda işiň üstüne barlyp, aýdym-saz bilen merdana zähmetkeşlerimiziň armasy ýetirilýär.

Halkyň kalbyna siňen bagşy

Köp taraply zehin az adamlara nesip edýär diýýärler. Döredijilik dünýäsinde şeýle zehinlere gabat gelmek bolýar. Şolaryň biri-de geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda sungat älemine gelen Öwezgeldi Tekäýewdir. Öwezgeldiniň doglan ýeri Kaka etrabynyň Onbegi obasy. Aslynda bu oba zehinli adamlaryň mekanydyr. Öwezgeldi Tekäýew, esasan, estrada aýdymçysy hökmünde adygypdy. Tebigat oňa dürli öwüşgindäki zehin baýlygyny bolluk bilen eçilipdi. Ol hem aýdymçydy, hem kompozitordy, hem-de şahyrdy. Çagalygyndan halk döredijiligini, dessanlary, nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlaryny ürç edip okardy. Öwezgeldiniň ýaşlygyndan Magtymguly Pragynyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan goşgularyna aýdylýan aýdymlara imrikmegi-de şonuň üçin bolmaly.

Kalby joşgunly ýaşlar

ÖŇŇIN Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Ýaňlan, Diýarym! — 2021» atly telebäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäginde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen telebäsleşigiň bu tapgyryna welaýatymyzyň dürli ýerlerinden aýdymçy ýaşlar gatnaşdy. Däbe öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi ýerlerden zehinli, höwesjeň ýaşlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Şeýle bolansoň, ýylyň-ýylyna oňa gatnaşmaga höwes edýän ýaşlaryň sany artyp, bäsleşigiň meşhurlygy barha ýokarlanýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda welaýatymyzdan bu bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirenleriň sanynyň artmagy hem şeýle diýmäge esas berýär. Etrap-şäher tapgyrlar we welaýat boýunça deslapky tapgyr höwesjeň aýdymçylaryň arasyndan aýratyn zehinleri, sungatda tapawutlananlary welaýat derejesindäki nobatdaky bäsleşige gatnaşmaga mümkinçilik berdi.

Dünýä nur saçýan parasat

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby bütin adamzat jemgyýeti üçin ähli döwürlerde ähmiýetini ýitirmejek ynsanperwer düşünjeleri özünde jemleýän şamçyragdyr. Milli Liderimiziň ajaýyp eseriniň dünýä halklarynyň ençemesiniň dillerine terjime edilip, ýakyn-u-alys ýurtlarda meşhurlygynyň barha artmagy bu hakykaty doly tassyklaýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň çuňňur mazmunly eseriniň italýan diline terjime edilip, çapdan çykmagy hem kalplarymyza şatlyk paýlan hoş habar boldy. Döwlet Baştutanymyzyň giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen meşhur edebi-filosofik eserinde umumadamzat ösüşine mynasyp goşant goşan türkmen halkynyň örän baý ruhy-ahlak mirasy wagyz edilýär. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby halk parasatlylygynyň özboluşly jemlenmesi bolmak bilen, häzirki we geljekki nesilleriň däp-dessurlarynyň hem-de ahlak ýörelgeleriniň dowamatlylygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Abuna

«Watan» gazetiniň hormatly okyjylary! Eziz Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri, ýurdumyzyň syýasyjemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryny gyzgyny bilen beýan edýän «Watan» gazetine 2021nji ýylyň ikinji ýarym ýyllygy üçin abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini habar berýäris.

Ajaýyp neşir italýan dilinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden hem-de pähim-paýhasyndan döreýän her bir eser diňe bir türkmenistanlylarda däl, eýsem, daşary ýurtlaryň okyjylarynda hem uly gyzyklanma döredýär. Golaýda döwlet Baştutanymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň italýan diline terjime edilmegi we çapdan çykmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen meşhur edebi-filosofik eseri uly ruhy ähmiýete eýedir, sebäbi onda umumy dünýä ösüşine uly goşant goşan türkmen halkynyň örän baý ruhy-ahlak mirasy wagyz edilýär.

Ruhubelentlige beslendi

Golaýda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy, hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli türkmen telewideniýesinde we radiosynda guralýan çykyşlara, köpçülikleýin medeni çärelere, şeýle hem döwlet derejesindäki bäsleşiklere işjeň gatnaşan bu ýokary okuw mekdebiniň professor mugallymlaryna we talyp ýaşlaryna Hormat hatlaryny we ýadygärlik sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Ir säher bilen institutyň Baş meýdançasynda guralan dabaraly nyzamda çykyş eden mugallymlar eziz Watanymyzda şu ýylky bellenilip geçilýän bu goşa baýramyň halkymyz üçin möhümdigi, şeýle hem ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin döredilen şertler dogrusynda gürrüň etdiler. Soňra bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlaryna we talyplaryna mynasyp bolan sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabaraly nyzamyň dowamynda institutyň «Oguzlar» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmegindäki çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň waspy belentden ýaňlandy.