Okuw maslahaty geçirildi

16 Iýun 2021
1083

Ýakynda Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi bilen Mary welaýatynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň arasynda onlaýn arkaly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynyň dowamynda Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Halk saz gurallary» bölüminiň 3 ýyl talyby Didar Annamuhammedow, şol mekdebiň mugallymy Hoşgeldi Hojaýew, şeýle-de Sapa Amanowdyr Muhammetazym Nasyrow dagy bilelikde dürli gurallarda tehnikaly sazlary, türkmen halk sazlary bilen çykyş etdiler. Mary welaýatynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky sungat mekdebiniň 3 ýyl talyby akkordeon saz guralynda «Durdy bagşy», «Söýli halan» ýaly türkmen halk sazlaryny, Joraýew Röwşen we Ýagmyrowa Gülbahar daşary ýurt saz gurallarynda «Tike-tike», «Libertango» sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bulardan başga-da Seýitnazar Mämmedow daşary ýurt saz gurallarynda türkmen halk sazlaryny çalyp bolýandygy barada gyzykly gürrüňler bilen çykyş etdi.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar milli medeniýetimiziň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

Jeren TÖRÄÝEWA,
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň halk saz gurallar bölüminiň mugallymy.