Halkyň kalbyna siňen bagşy

13 Iýun 2021
998

Köp taraply zehin az adamlara nesip edýär diýýärler. Döredijilik dünýäsinde şeýle zehinlere gabat gelmek bolýar. Şolaryň biri-de geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda sungat älemine gelen Öwezgeldi Tekäýewdir.

Öwezgeldiniň doglan ýeri Kaka etrabynyň Onbegi obasy. Aslynda bu oba zehinli adamlaryň mekanydyr. Öwezgeldi Tekäýew, esasan, estrada aýdymçysy hökmünde adygypdy. Tebigat oňa dürli öwüşgindäki zehin baýlygyny bolluk bilen eçilipdi. Ol hem aýdymçydy, hem kompozitordy, hem-de şahyrdy. Çagalygyndan halk döredijiligini, dessanlary, nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlaryny ürç edip okardy. Öwezgeldiniň ýaşlygyndan Magtymguly Pragynyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan goşgularyna aýdylýan aýdymlara imrikmegi-de şonuň üçin bolmaly.

Rejepmyrat ANNAMYRADOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.