Toýa taýýarlykly barylýar

16 Iýun 2021
834

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen medeniýeti, sungaty zamanabap ösüşleri başdan geçirýär. Medeniýetiň, sungatyň ösmegi halkyň täzeçe ruhy ösüşiniň güwäsidir. Türkmen medeniýeti, sungaty inçeligi özüne siňdiren milli däp-dessurlary, amaly-haşam işleri, şirin owazly aýdymlary, mukamlary bilen beýikdir.

Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň ýylda uly dabaralara beslenip, giňden bellenilmegi hem guwandyryjydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda-da bu sene şatlyk-şowhuna beslener. Babadaýhan etrabynyň medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparlary, bagşy-sazandalary hem ajaýyp toý mynasybetli taýýarlyk işlerini alyp barýarlar. Şu günler medeniýet bölüminiň drama folklor tans toparynyň tansçylarydyr artistleriniň gatnaşmagynda aýdym-sazly edebi kompozisiýanyň we folklor çykyşlarynyň üstünde işlenilýär.

Täzegül ATAÝEWA,
Babadaýhan etrap Medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň direktory.