Zenana sarpa — milli ýörelgämiz

14 Iýun 2021
823

Zenanlara bolan çuňňur sarpadan gözbaş alýan, ýurdumyzda ýöredilýän gender syýasaty boýunça döwlet derejesinde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen işleriň ähmiýeti, bu syýasaty alyp barmak arkaly göz öňünde tutulan maksatlar hakda halka giňişleýin hem dogry düşünje bermek, esasan, jemgyýetçilik guramalarynyň paýyna düşýär. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň bu ugurda geçirýän işleri mazmun taýdan dürli-dürli. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgat eden «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda zenanlaryň deň hukuklydygyny wagyz etmekde uly gollanma bolýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň «Saglyk — abatlyk» diýlip atlandyrylan bölüminde şeýle diýilýär: «Adamlaryň saglygy baradaky alada, jemgyýetde zenan maşgalalara, çagalara we gartaşan adamlara nähili garalýandygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr».

Ene MÄMMEDOWA,
Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.