"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Gahryman Arkadag — ösüşiň, özgerişiň Lideri

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag! Bu düşünje — her bir türkmenistanlynyň ýüreginiň ýylysy, ýaşaýşa söýgüsi, geljege ynamy. Ine, taryhy hakykat şeýdip, ynsanyň rahat, bagtly ýaşaýşy baradaky arzuw-umytlarynyň owazy bolup dünýä dolýar. Uzak geçmişinde türkmeniň dünýä beren kämil ýaşaýyş, ösüş nusgalarynyň az bolmandygyny goja taryhdan habarly kişiler bilýändirler. Bu gün türkmen adamzada ösüşli, özgerişli, abadançylykly ýaşaýşyň ýene bir nusgasyny eçildi. Ony öz Milli Lideri Gahryman Arkadagynyň pähim-parasady, başarjaňlygy arkaly eçildi. Geçen ýakyn taryhymyza nazar aýlalyň! Gahryman Arkadagymyz halkyň ykbaly üçin zerur pursatda döwlet Baştutany wezipesine girişdi. Öňde haýal-ýagallyk etmezden çözülmeli meseleler bardy. Şonuň bilen birlikde, birneme howlukman, emma hökman çözülmeli meseleler-de bardy. Şonsuz ýakyn we uzak geljege nazarlanmak hem, bular üçin maksatnamalary işläp düzmek hem, ol maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak hem mümkin däldi. Bu işlere nähili ökdelik bilen hötde gelnendigine şaýat bolduk. Munuň özi, islendik hasap bilen, iň uly hasap bilen alnanda-da, taryhy döwürdir. Ruhy-ahlak, medeni, aň-düşünje, saglyk meselelerinden başlap, durmuş-ykdysady meselelere çenli, içerki gatnaşyklardan başlap, sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen gatnaşyklara çenli öz içine alan bu özgertmeler ýurdy tanalm

Watançylyk taglymy

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» we «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň mysalynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz bize «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» hem-de «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaplaryny peşgeş berdi. Olar hormatly Prezidentimiziň iň ýokary döwlet wezipesine ählihalk tarapyndan saýlanan dessine yglan eden şygarynyň — «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen çagyryşynyň düýp manysyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Aslynda, bu çagyryş döwlet Baştutanymyzyň baş taglymynyň gysgaça beýanydyr diýsek, ýerlikli bolar. Bu taglymda Watan, döwlet we halk düşünjeleri özara berk baglydyr.

Amala aşan arzuwlar şäheri:

Arkadag şäheri döredilmeginiň bir ýyllygyny belledi 29-njy iýunda Türkmen döwletiniň durmuşynda hakyky taryhy wakanyň bolup geçenligine — täze, «akylly» Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl boldy, ol döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýyna eýedir.

Gümrükçiler üçin täze ýaşaýyş jaýy

Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärlerine niýetlenen döwrebap ýaşaýyş  jaýy ulanylmaga berildi. 4 gatly, 32 öýli, 2 we 3 otagly bu ýaşaýyş jaýy «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Täze ýaşaýyş jaýynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylarynyň we harby gullukçylarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň, medeniýet, sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen açylyş dabarasynda çykyş eden harby gullukçylar döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Özbegistanyň Baştutany Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly ýurduň Prezidenti Özbegistanda häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerine, iki döwletiň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna buýsanylýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkynyň Milli Lideriniň strategik häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak ugrunda edýän tagallalaryny aýratyn belledi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň bu şanly waka mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleriniň nusgasy bolan Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasy ösüşleri ugrunda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi. Bu ýerde lukman Arkadagymyzyň hut öz ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmagyň çäklerinde degişli işler ýerine ýetirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde “Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy” diýen paýhasa eýerip, toplumda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy. Ir säher bilen hormatly Arkadagymyz täze şäheriň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň athanasynda idedilýän Hanbeg atly mele bedew bilen didarlaşdy.

Resmi habar

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli edara-kärhanalara binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de binalary we desgalary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Döwrüň binagärlik sungatynyň parlak ýyldyzy

Bu günki gün dünýäniň döwrebap şäher gurluşygynda ýalkym saçýan merjenleriň birine öwrülen Arkadag şäheri parahatçylygyň, dost-doganlygyň we döredijiligiň mekany hökmünde pajarlap ösýär. 29-njy iýunda Arkadag şäheriniň häkimliginde geçirilen baýramçylyk maslahatynda bolsa «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de oňa bolan buýsanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar aýdyldy. Munuň özi halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu ajaýyp künjekde amala aşyrylýan beýik işlere guwanjyny artdyryp, şol günki aýdym-sazly baýramçylyk dabaralarynyň derejesini has-da beýgeltdi. Geçen ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň dabaraly ýagdaýda açylmagy ösüşiň we abadançylygyň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Türkmenistanyň gurýan, döredýän döwlet hökmündäki abraýyny has-da belende göterdi. Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, irginsiz tagallalary, yhlasy, söýgüsi we mähri bilen Köpetdagyň ekologik taýdan arassa giňişliginde dörän ajaýyp şäherdir. Ol XXI asyryň öňdebaryjy şähergurluşyk tejribeleriniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýän kämil taslamalaryň biridir. Geçen gysga döwrüň dowamynda Arkadag ilatyň abadan ýaşamagy, erkin zä

Şanly ýylda täze jaýlaryň hatary artýar

Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň Köpetdag köçesiniň ugrunda her biri 32 öýli, 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 8-siniň açylyş dabarasy medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan şowhunly aýdym-sazly çykyşlaryna beslendi. Oňa Aşgabat şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şäher hem-de etrap halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşululardyr ýaşaýjylar gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar ýaşaýşynyň, öndürijilikli zähmetiniň, ýokary derejeli dynç alşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini bellediler. Diýarymyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, paýtagtymyzda yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary hem munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. Dabara gatnaşyjylar täze öýlere göçüp gelen maşgalalary jaý toýlary bilen gutlap, ojaklarynyň rysgal-döwletli, bereketli bolmagyny arzuw etdiler.

Gümrükçiler üçin ajaýyp sowgat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy, şol sanda gümrük edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylyp, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpli gowulandyrylýar. Gullukçylar, olaryň maşgalalary üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli açylyp ulanmaga berilýär. 28-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärlerine niýetlenen şeýle ýaşaýyş jaýlarynyň biri Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde açyldy. 4 gatly, 32 öýli, 2 we 3 otagly bu ýaşaýyş jaýy «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Onuň açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylary we harby gullukçylary, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet, sungat ussatlary gatnaşdylar.

Arkadag şäheri – geljegiň şäheriniň şanyna dabaralar

29-njy iýunda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna möhüm sahypa bolup ýazylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylanyna bir ýyl boldy. Bu şanly waka mynasybetli bu ýerde dabaraly çäreler we baýramçylyk maslahaty geçirildi.Şol gün Arkadag şäherinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen ýaşaýjylar jaý toýuny tutdular. «Akylly» öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Munuň özi öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamydyr. Ol internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär.

Ýaş talyplar bilen tejribe maslahaty geçirildi

27-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji demokratik partiýa guramasynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň okuw bölüminiň guramagynda tanyşlyk-tejribe maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmen döwlet maliýe institutynyň 400-den gowrak talyby, mugallymlary we ministrligiň hünärmenleri gatnaşdylar.

Gurýan döwlet gurpludyr

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz yhlas-tagallalaryndan kemala gelen Arkadag şäheri eziz Watanymyzyň gülläp ösüşiniň nyşanyna öwrülen nusgalyk şäherdir. Sebitde deňi-taýy bolmadyk döwrebap şäherde sanly we «akylly» tehnologiýalar esasynda adamlaryň ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin iň gowy ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, ylmy-tehniki ösüşini äşgär edýär, Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalara esaslanýan giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga ukyplydygyny görkezýär. Arkadag şäheriniň milli şäher gurluşygyň merjenine, şäher düzümini toplumlaýyn ösdürmäge jogapkärli çemeleşmäniň ajaýyp nusgasyna öwrülendigi aýdyň hakykatdyr. Şeýle üstünliklere gurluşyk pudagynda netijeli iş alyp barýan ýerli hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleriniň hem mynasyp goşandyny goşýandygy örän begendirýär. Munuň özi türkmen işewürleriniň iri şähergurluşyk taslamalaryny amala aşyrmakda baý tejribe toplandygyna şaýatlyk edýär.

Owadan ýazuwda ýaşlaryň üstünligi

Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli gadymy hatdatlyk sungatyna ýaşlaryň ünsüni çekmek we bu ugurda ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ilkinji gezek yglan edilen «Owadan ýazuw» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Orta asyrlarda Merkezi Aziýa yklymynda, şol sanda Türkmenistanyň çäginde hem medeniýet, sungat, ylym, bilim belent sepgitlere ýetipdir. Bu döwürde halk arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, halk köpçüligi tarapyndan hormatlanylýan kärleriň biri-de hatdatlyk sungaty bolupdyr. Orta asyr hatdatlary bu käri sungat derejesine çenli kämilleşdiripdirler. Hatdatlyk kärinde halklaryň medeni aýratynlyklary, däp-dessurlary saklanypdyr we ösdürilipdir. Hatdatlyk sungaty Gündogar ýurtlarynda kitap sungatynyň iň köp ýaýran görnüşleriniň biri bolup, aýratyn çeperçilik gymmaty bilen dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gadymy hatdatlyk sungatyna ýaşlaryň gyzyklanm

Aşgabatda «Dokmaçylar» medeni merkezi açyldy

25-nji iýunda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Täze medeni merkeziň açylyş dabarasyna medeniýet işgärleri, ýurduň köp sanly raýatlary, paýtagtyň myhmanlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Howandar

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­deri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­rdy. Şeý­le-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ştab-kwar­ti­ra­syn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di.