"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Futbol äleminden ýene bir ýyldyz süýndi

Dünýä futbolyndan ýene bir ýyldyz süýndi. Diego Maradona, Paolo Rossi, ine-de Gerd Müller. Dünýä futbolynyň super hüjümçileriniň hatarynda görkezilýän germaniýaly Gerd Müller 75 ýaşynda aradan çykdy. Depeni gol bolýan Müller köp wagtdan bäri alsgeýmer keseline garşy göreş alyp barýardy. 1945-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Germaniýanyň Nordlingen şäherçesinde dünýä inen Gerd Müller 1963-nji ýylda şol şäherçäniň 1861 Nordlingen toparynda futbola başlaýar. Bir ýyldan soň özüne uly şöhrat, ençeme ýeňişler, kuboklar gazandyrjak Bawariýanyň düzümine goşulýar. 16 möwsüm münhenlileriň hatarynda çykyş eden Gerd Müller Bawariýada 605 oýunda 563 gol geçirdi. Karýerasynyň ahyrynda ABŞ-nyň Fort Lauderdeýl Straýkers klubunda 3 möwsüm oýnan Müller klublarda jemi 716 duşuşykda 654 gezek tapawutlanýar. Karýerasy boýunça jemi 17 gezek iň netijeli futbolçy bolmagy başaran Müller Bawariýa bilen Bundesligada 4 çempionlyk gazanýar, yzly-yzyna-da 3 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny eýeleýär. Milli ýygyndyda oýnan oýnundan köp gol geçiren Gerd Müller 62 duşuşykda 68 pökgini derwezä girizýär. Käbir sebäplerden milli ýygyndyny ir taşlan Gerd Müller Günbatar Germaniýanyň ýygyndysy bilen Ýewropanyň (1972) hem-de Dünýäniň çempiony (1974) hem bolmagy başarýar. “Der Bomber” lakamly Gerd Müller 1970-nji ýylda “Ballon d’Or” baýragyna-da laýyk görülýär.

“Bawariýanyň” 9-njy Super Kubogy

Germaniýanyň Super Kubogy duşuşygynda Bawariýa ýeňiş gazandy. Dortmund şäherinde oýnalan duşuşykda ýerli Borussiýa toparyny 3-1 hasabynda ýeňen Bawariýa yzly-yzyna 2-nji, umumylykda-da 9-njy gezek bu kubogy eýelemegi başardy. Bawariýa ýeňiş getiren gollaryň ikisini Robert Lewandowski, beýlekisini-de Tomas Müller öz atlaryna ýazdyrdylar. Borussiýa Dortmunyň ýeke-täk goluny-da Marko Roýs derwezä girizdi. Duşuşykda 2 gezek tapawutlanan Robert Lewandowskiniň ozalky kluby Borussiýa Dortmundyň derwezesinden girizen gollarynyň sany 24 oýunda 24-e ýetdi.

Belgiýada belgiýaly sürüji ýeňiş gazandy

Belgiýada geçirilen Dünýä Ralli çempionatynyň möwsümdäki 8-nji ýaryşynda “Hyundai Shell Mobis” toparynyň sürüjisi Tierri Noýwill ýeňiji boldy. Belgiýaly sürüji 20 tapgyrdan ybarat bolan 295,78 kilometrlik ýaryşy 2 sagat 30 minut 24,2 sekuntda tamamlady. Bu onuň şu möwsümdäki 2-nji, karýerasyndaky 14-nji ýeňşidir. Noýwilliň irlandiýaly topardaşy Kreýg Brin 30,7 sekunt gijä galyp, 2-nji ýeri ýeri eýeledi. “Toyota Gazoo” toparynyň fin piloty Kalle Rowanpera ýeňijiden 43,1 sekunt az netije bilen 3-nji orna mynasyp boldy. Dünýä Ralli çempionatynda tamamlanan 8 ýaryşdan soň “Toyota Gazoo” toparynyň fransuz piloty Sebastian Ožie 162 utuk bilen öňdäki orny eýeleýär. 124 utukly britaniýaly Elfin Ewans bilen belgiýaly Tierri Noýwill 2-3-nji ýerleri paýlaşýarlar.

«Los An­je­les Leý­kers» dü­zü­mi­ne 2 ýyl­dy­zy goş­dy

  NBA-nyň iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan iki to­pa­ry­nyň bi­ri – «Los An­je­les Leý­kers» dü­zü­mi­ne dün­ýä ýyl­dyz­la­ry­nyň iki­si­ni goş­dy. To­par «trip­le-do­ub­le» ha­sa­bat­la­ry­nyň öň­de­ba­ry­jy­sy «Wa­şing­ton Wi­zards» to­pa­ry­nyň oýun­çy­sy Ras­sel Westb­ruk bi­len 3 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. 2020-nji ýy­lyň çem­pio­ny «Leý­kers» 32 ýa­şyn­da­ky Westb­ru­ga ýyl­lyk 44 mil­li­on dol­lar tö­lär. Dün­ýä ýyl­dy­zy LeB­ron Jeým­siň çy­kyş ed­ýän to­pa­ry «LA Leý­kers» Westb­ru­gyň de­re­gi­ne «Wa­şing­ton Wi­zards» to­pa­ry­na 3 bas­ket­bol­çy­sy­ny – Kaýl Kuz­ma­ny, Mont­rez Har­rel­li hem-de Ken­ta­wi­us Kald­well-Pou­py, şeý­le-de, 2024-nji we 2028-nji ýyl­lar­da­ky ikin­ji tap­gyr­da «draft» et­mek hu­ku­gyny ber­di.«LA Leý­kers» Westb­ruk­dan soň, baş­ga bir ýyl­dyz bas­ket­bol­çy Kar­me­lo En­to­ni­ni hem dü­zü­mi­ne goş­dy. 37 ýa­şyn­da­ky ýyl­dyz oýun­çy 1 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. En­to­ni soň­ky 2 möw­sü­mi «Port­lend Treýl Bleý­zers­de» ge­çi­rip, ol on­dan öň «Den­wer Nag­gets» (2003–11), «Nýu Ýork Niks» (2011–17), «Ok­la­ho­ma Si­ti Tan­der» (2017–18) hem-de «Hýus­ton Ro­kets» (2018–19) to­par­la­ry­nyň köý­nek­çe­le­ri­ni geýip­di.Şeý­le-de, «Gol­den Steýt War­riors» to­pa­ry ýyl­dyz oýun­çy­sy Ste­fen Kör­ri bi­len 4 ýyl üçin 215 mil­li­on dol­lar­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. «Dal­las Ma­we­riks» to­pa­ry-da 22 ýa­şyn­da­ky slo­we­

Awstriýada Baýnder ýeňiji boldy

  Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 11-nji ýa­ry­şy Awst­ri­ýa­da ge­çi­ril­di. Spil­berg şä­he­rin­dä­ki 4,3 ki­lo­metr­lik «Red Bull» tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da «Red Bull KTM» to­pa­ry­nyň Gü­nor­ta Af­ri­ka­ly sü­rü­ji­si Bred Baýn­der ýe­ňiş ga­zan­dy. 26 ýaş­ly sü­rü­ji 28 aý­la­wy 40 mi­nut 46,928 se­kunt­da ge­çip, kar­ýe­ra­syn­da­ ikin­ji ge­zek bi­rin­ji orny eýe­le­di. On­dan 9,991 se­kunt yza ga­lan «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ita­li­ýa­ly sü­rü­ji­si Fran­çes­ko Ba­naia bi­len 11,570 se­kunt soň pel­le­ha­na ge­len «Ducati Pra­mac Racing» to­pa­ry­nyň is­pa­ni­ýa­ly sürüjisi Hor­ge Mar­tin de­giş­li­lik­de, 2-3-nji orun­la­ra my­na­syp bol­du­lar.Ge­çi­ri­len 11-nji bäs­le­şik­den soň, Awst­ri­ýa «Gran Pri­sin­de» 7-nji ýe­ri eýe­län fran­si­ýa­ly Fa­bio Ku­ar­ta­ra­ro 181 utuk bi­len 1-nji orun­da bar­ýar. 2-3-nji ýer­le­ri paý­laş­ýan ita­li­ýa­ly Fran­çes­ko Ba­naia bi­len is­pa­ni­ýa­ly Žo­an Mi­riň 134 utu­gy bar.Möw­sü­miň in­di­ki ýa­ry­şy 29-njy aw­gust­da Ang­li­ýa­nyň Sil­wers­to­un şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler.  

«Pre­mi­er Li­ga­nyň» 50-nji to­pa­ry – «Brent­ford»

Dün­ýä­niň iň öň­de­ba­ry­jy fut­bol çem­pio­na­ty ha­sap­lan­ýan Ang­li­ýa­nyň «Pre­mi­er Li­ga­sy­nyň» tä­ze to­pa­ry «Brent­ford» klu­bu­dyr. 131 ýyl­lyk ta­ry­hyn­da 2-nji ge­zek ýo­ka­ry li­ga çy­kan Lon­don şä­he­ri­niň we­ki­li mun­dan öň 1934/35 möw­sü­min­de Ikin­ji liganyň çem­pio­ny bol­ýar we Bi­rin­ji liga (hä­zir­ki «Pre­mi­er Li­ga») çyk­ýar. 1889-njy ýy­lyň 10-njy okt­ýab­ryn­da esas­lan­dy­ry­lan to­pa­ryň şu wag­ta çen­li ga­za­nan iň uly ba­şar­ny­gy-da Ikin­ji liganyň çem­pi­on­ly­gy­dyr. Ir­ki ýyl­lar­da Lon­don li­ga­syn­da-da çy­kyş eden klub köp ýyl­la­ry­ny 3-nji we 4-nji liga­lar­da ge­çir­ýär. Lon­don şä­he­ri­niň gün­ba­ta­ry­nyň to­pa­ry bo­lan «Brent­ford» öz ýer­li du­şu­şyk­la­ry­ny 17 250 orun­lyk «Brent­ford Com­mu­ni­ty» sta­dio­nyn­da oý­na­ýar. «Pre­mi­er Li­ga­da­ky» to­par­la­ryň ara­syn­da­ky iň az to­ma­şa­çy­ly sta­di­on bol­ma­gy-da klu­buň ta­ry­hy ba­ra­da bi­ze ýe­ter­lik mag­lu­mat ber­ýär.2014/15 möw­sü­min­de 2-nji li­ga, ýag­ny «Cham­pions­hip»-e çy­kan «Brent­ford» to­pa­ry soň­ky iki möw­süm­de 3-nji ýe­ri eýe­läp, pleý-off tap­gy­ryn­da çy­kyş edýär. 2020/21 möw­sü­min­de «Ful­ham­dan» as­gyn ge­len «Brent­ford» bu ge­zek «Swan­si Si­ti» bi­len du­şuş­ýar. Pleý-of­fuň fi­na­lyn­da il­kin­ji 20 mi­nut­da To­ni we Mar­kon­de­siň ge­çi­ren gol­la­ry bi­len gar­şy­da­şy­ny 2-0 ýe­ňen «Brent­ford» 73 ýyl­dan soň fut­bo­lyň wa­

Messi «Barselona» bilen hoşlaşdy

«7/24.tm», №33 (64), 16.08.2021. Çaga wagtymyz diňlän ertekilerimizde bir ýerden akylly garyp çykyp, ýene bir ýerde batyr körpe ogul häzir bolup, durmuşyň ähli meselelerini çöp döwlen ýaly edýärdi. Ýa bolmasa, döwüň çüýşedäki janyny alyp, mazlumlary halas edýän edermen ýigit uka gideňsoň düýşüňe girer. Özem sen onuň ornundasyň. Çünki her kim özüňi halas edýäniň ornunda görýär. Dädem Gorkudyň boýlan boýlaryndaky Däli Domrul ýaly öňüňden çykany ýykyp-ýumrup, ony onda, muny munda goýup ýörensiň. Şonda ukudan oýarsalar gynanarsyň. Çünki sen kimdir birini halas edip ýördüň ahyryn...

Messiniň hoşlaşyk sözi

«7/24.tm», №33 (64), 16.08.2021. Salam. Dogrymy aýtsam, näme diýjegimem bilemok. Soňky günler köp pikirlendim, näme diýjegim hakda kän oýlandym. Indem, dogrusy, pikirlenibem bilemok. Tutuş ömrüm bärde geçdi, indem şunça ýyldan soň, maňa ýaman agyr degýär. Men muňa taýýar däl. Dogrusyny aýtsam, geçen ýyl býurofaks we hemme zat bilen, näme diýesimiň gelýändigini bilýärdimem, ynanýardymam. Ýöne bu ýyl ... bu ýyl beýle däl.

Messiniň terk eden sahnasyny Fati eýelärmi?

Janköýerler bu sowalyň jogabyny almak üçin kän wagtgaraşmaly bolmasalar gerek. «7/24.tm», №33 (64), 16.08.2021.

Sportuň 7 peýdasy

«7/24.tm», №33 (64), 16.08.2021. Sport bilen meşgullanmak nerw dartgynlylygyny azaldýar. Çünki fiziki maşklar aladalardan, şowsuzlyklardan ünsüňi sowýar.

Ýarym aýlaw hakynda hakykat

«7/24.tm», №33 (64), 16.08.2021. Elektron žurnalymyzyň sahypalarynda yzygiderli çykyş edýän sport bilermeni Hajymyrat Söýünow «Sowal-jogap» atly mowzuk bilen taýýarlaýan bölümimizde janköýerleri gyzyklandyrýan sowallara jogap berýär. Ol bu gün jerime meýdançasynyň daşyndaky ýarym aýlaw şekilli çyzygyň döreýiş taryhyny gürrüň berer.

Her asyryň öz orta asyry bolýar

«7/24.tm», №33 (64), 16.08.2021. Işdä naharyň başynda gelýär, ýöne ol aç wagtyňam hiç ýere gidenok.

Sport žurnalistikasy

(Başlangyjy geçen sanlarymyzda) «7/24.tm», №33 (64), 16.08.2021.

Welosiped sürmek we saglyk

Hereketde bolmak bedeniňi berkitmekdir. Adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde hereketliligiň ähmiýeti uludyr. Fiziki işjeň hereketde bolmak sagdyn durmuş ýörelgesiniň iň esasy şertleriniň biridir. Bu bolsa pyýada ýöremek ýa-da welosiped sürmek, maşklary ýerine ýetirmek bolup durýar. Başgaça aýdylanda, her gün 30 minut çemesi ýörite maksatly aram hereket etmeli. Bu zerur bolan ýörite maksatly hereketli iş, öýden işe pyýada ýa-da welosipedli gatnamak arkaly ýerine ýetirilip bilner. Pyýada gezelenç etmegiň ortaça uzaklygy 1,5 — 2,8 kilometre golaý bolmalydyr. Muňa bolsa, adatça, 15 — 20 minut wagt harçlanýar. Welosipedli gezelenç etmegiň ortaça uzaklygy 3,5 — 4,8 kilometr bolup, muňa ortaça 10 — 15 minut gerek bolýar. Bu gan damarlarynyň warikoz keselinden ejir çekýänler üçin örän peýdalydyr. Aýaklaryň pyýada hereketde bolmagy damarlarda gan aýlanyşynyň tizleşmegine, kiçi çanaklykda gan bilen üpjünçiligiň kadalaşmagyna itergi berýär. Sportuň bu görnüşi göz üçin hem peýdalydyr. Uzaga seredip, alysdaky bir zada gözüňi dikmek maşky göz etleriniň berkemegine ýardam edýär. Görüjiligi ýiteldýär. Eger-de welosipedi özüňize hemra edinseňiz, kesel golaýyňyza-da gelmez. Welosiped sürmek bilen meşgullanmagyň düzgünleri dogry berjaý edilende, ol adam bedenine peýdaly täsir edýär. Ilkinji nobatda, onuň eýeriniň üstünde dogry oturmagyň möhümdigini bellemeli. Nädogry (bükülip, küýkerip) otu

Sport bilen sagdyn biz

Şeýle at bilen Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde ýerleşýän “Ýaşyl ýaýla” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde sportuň şaşka, küşt, düzzüm görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Olara merkezde dynç alýan çagalar höwesli gatnaşdy. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşynyň manyly geçmegini gazanmak, olarda sporta söýgini artdyrmak maksady bilen guralan ýaryşlarda ökdeler ussatlygyny görkezip, ýeňiji bolmagy başardy.

Semizlikde peýdaly bejeriş-bedenterbiýe maşklar toplumy

Semizlik bedende ýag dokumasynyň agdyklyk etmegi bilen döreýär. Ilkinji semizlik kesel hökmünde köp kaloriýaly, düzümi ýagly, uglewodly iýmit iýlende döreýär. Ikilenji semizlik kesel hökmünde belli bir kesel netijesinde ýagny, metaboliki sindromda, gormonal bozulmalar we beýlekiler ýüze çykanda döreýär. Semizligiň bejergisinde ertirki maşklar, bejeriş gimnastikasy, trenažýordaky maşklar, tekiz ýerlerde, basgançakda münülýän, kadaly gezelençler, suw howdanynda ýerine ýetirilýän ýörite maşklar, howdanda ýüzmek, ylgaw, syýahat etmek, welosipedde gezelenç, lyžada typmak, sportuň hereketli görnüşleri bilen meşgullanmak maslahat berilýär.Maşklar ýerine ýetirilende bedeni gowşatmaly we dogry dem almaly. Semizlikde ýerine ýetirilýän maşklaryň aglabasy hereketli bolup, çaltdan haýal depgine çenli ýerine ýetirilýär. Maşklary az-azdan başlap, her gezekde köpeltmeli. Bu bejeriş-bedenterbiýe toplumy ýürek-damar ulgamynda näsazlygy bolan näsaglara maslahat berilmeýär. Işjeňleşdirilen hereketleriň netijesinde fiziki bejeriş maşklary gandaky glýukozanyň kadalaşmagyna, artykmaç ýaglaryň aýrylmagyna, bedeniň agramynyň peselmegine, limfanyň we gan aýlanyşygynyň işjeňleşmegine getirip, keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. 1-nji maşkDuran ýeriňde elleriňi we göwräňi hereketlendirip, adaty ýörişi ýerine ýetirmeli. Maşky ilki ýuwaşlyk bilen soňra hereketleriňi çalt

Sport — saglyk hem işjeňlik

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmak, ilaty sporta we bedenterbiýä köpçülikleýin çekmek, ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigine paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde we etraplarda, obalarda sport toplumlarynyň, mekdepleriniň, stadionlaryň we meýdançalaryň köp sanlysynyň gurlandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Sportuň birnäçe görnüşi boýunça dünýä we halkara ýaryşlaryny ýokary guramaçylykly geçirmäge mümkinçilik berýän, sebitde deňsiz-taýsyz, naýbaşy desga bolan Olimpiýa şäherçesi-de sporta ägirt uly üns berilýändiginiň aýdyň güwäsi. Mundan otuz-kyrk ýyl ozal obalaryň we şäherleriň ýaşlarynyň öz başlangyçlary bilen synp-synp, köçe-köçe, oba-oba bolup, sportuň dürli görnüşi, aýratyn-da, milli göreş, ylgaw, futbol we woleýbol boýunça ýaryşlary geçirendigini uly ýaşlylar gürrüň berýär. Bu, bir tarapdan, ýaşlarda sporta höwesiň hemişe bolandygyny görkezse, ikinji tarapdan, dürli görnüşler boýunça türgenleşer ýaly döwrebap desgalaryň-da gaty zerurdygyny aňladýar.

Ugur — yklym ýaryşyna

Häzirki günlerde sportuň birnäçe görnüşleri bilen meşgullanýan türgenlerden ybarat ýygyndy toparlarymyz öňde duran halkara ýaryşlara taýýarlyk işlerini alyp barýarlar. Olaryň hatarynda futbolçylar hem bar. 23 ýaşa çenli futbolçylardan düzülen Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň tomusky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň ilkinji tapgyry tamamlandy. Olar Olimpiýa şäherçesinde türgenleşdiler.

Göreş meýdançasyndan başlanan ýeňiş (Siziň deň-duşuňyz)

Hawa, Guwanjyň ilkinji ýeňşi toýuň göreş meýdançasynda başlanypdy. Ol bu ýere jigisi Batyr bilen gelipdi. Daş-töweregi dürli ýaşdaky adamlar bilen gurşalan meýdançanyň ortasynda pälwanlaryň iki-üç sanysy öz aralarynda erjellik bilen güýç synanyşýardylar. Ýeňiş gazanan pälwanlar toý sowgatlary bilen sylaglanýardylar. Ynha, birdenem, tälimçi ýetginjeklerden göreşe höwes bildirýänleri bar bolsa, meýdança gelmegini haýyş etdi. Tälimçiniň bu eden teklibi Guwanjyň ýüregini okan ýaly boldy. Ol ilkinji bolup meýdança çykdy. Garşydaşyny örän gysga wagtda ýeňmegi ýaş ýigidiň bu ugra ymykly imrinmegine ilkinji ädim boldy. Guwanç Hemraýew Saýat etrabyndaky 1-nji sport mekdebine gatnap, özüniň bu ugurdan ukyp-başarnygyny artdyrýar. Ol Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, türkmen milli göreşi boýunça sport ussady Narmämet Gurbanowdan tälim alýar. Mekdebiň halypa tälimçisinden tälim alan Guwanç türkmen milli we guşakly göreşiň syrly emellerini doly ele alýar. Şeýdip ýetginjegiň göreşe bolan yhlasy, çeýeligi ony az wagtyň içinde uly üstünliklere ýetirdi. Edil häzirki wagtda bolsa Guwanç Hemraýew türkmen milli göreşi boýunça «Türkmenistanyň çempiony» diýen ady göterýär.

Sport syýasatynyň gadamlary

Aýdyň ýol Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz döwletimizde bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, ilaty bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekmekde edýän ýadawsyz aladasy rowaç alýar. Halkymyzyň saglygyny goramakda, berkitmekde, ýaş nesliň sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmeginde sportuň ähmiýeti iňňän uludyr. Sebäbi, durmuş tejribesinden mälim bolşy ýaly, sagdyn bedenli adama ruhubelentlik hemişelik hemrasy bolýar.