Welosiped sürmek we saglyk

18 Awgust 2021
913

Hereketde bolmak bedeniňi berkitmekdir. Adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde hereketliligiň ähmiýeti uludyr. Fiziki işjeň hereketde bolmak sagdyn durmuş ýörelgesiniň iň esasy şertleriniň biridir. Bu bolsa pyýada ýöremek ýa-da welosiped sürmek, maşklary ýerine ýetirmek bolup durýar. Başgaça aýdylanda, her gün 30 minut çemesi ýörite maksatly aram hereket etmeli. Bu zerur bolan ýörite maksatly hereketli iş, öýden işe pyýada ýa-da welosipedli gatnamak arkaly ýerine ýetirilip bilner. Pyýada gezelenç etmegiň ortaça uzaklygy 1,5 — 2,8 kilometre golaý bolmalydyr. Muňa bolsa, adatça, 15 — 20 minut wagt harçlanýar. Welosipedli gezelenç etmegiň ortaça uzaklygy 3,5 — 4,8 kilometr bolup, muňa ortaça 10 — 15 minut gerek bolýar. Bu gan damarlarynyň warikoz keselinden ejir çekýänler üçin örän peýdalydyr.

Aýaklaryň pyýada hereketde bolmagy damarlarda gan aýlanyşynyň tizleşmegine, kiçi çanaklykda gan bilen üpjünçiligiň kadalaşmagyna itergi berýär. Sportuň bu görnüşi göz üçin hem peýdalydyr. Uzaga seredip, alysdaky bir zada gözüňi dikmek maşky göz etleriniň berkemegine ýardam edýär. Görüjiligi ýiteldýär. Eger-de welosipedi özüňize hemra edinseňiz, kesel golaýyňyza-da gelmez. Welosiped sürmek bilen meşgullanmagyň düzgünleri dogry berjaý edilende, ol adam bedenine peýdaly täsir edýär. Ilkinji nobatda, onuň eýeriniň üstünde dogry oturmagyň möhümdigini bellemeli. Nädogry (bükülip, küýkerip) oturylanda, diafragmanyň (garyn, döş germewi) aşaklygyna hereketi kynlaşýar. Nädogry dem alşyň endige öwrülmeginiň öňüni almaga, netijeli dem alyş endiklerini pugtalandyrmaga ýardam edýän maşklary ýerine ýetirmeli. Bu gezelenç göwnüňi göterýär, şähdiňi açýar, nerw ulgamyny pugtalandyrýar, dartgynlylygy aýyrýar. Welosiped sürüjiler irki maşklary etmäge, etleriňi we bili berkidiji maşklara üns bermelidir. Arassa howada şeýle gezelenç etmegiň saglygyňyza, dem alşyňyza peýdaly täsiri bardyr.

Maýa HOJAMEŇLIÝEWA,
welaýat köpugurly hassahanasynyň bölüm müdiri.