Sport — saglyk hem işjeňlik

16 Awgust 2021
870

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmak, ilaty sporta we bedenterbiýä köpçülikleýin çekmek, ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigine paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde we etraplarda, obalarda sport toplumlarynyň, mekdepleriniň, stadionlaryň we meýdançalaryň köp sanlysynyň gurlandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Sportuň birnäçe görnüşi boýunça dünýä we halkara ýaryşlaryny ýokary guramaçylykly geçirmäge mümkinçilik berýän, sebitde deňsiz-taýsyz, naýbaşy desga bolan Olimpiýa şäherçesi-de sporta ägirt uly üns berilýändiginiň aýdyň güwäsi.

Mundan otuz-kyrk ýyl ozal obalaryň we şäherleriň ýaşlarynyň öz başlangyçlary bilen synp-synp, köçe-köçe, oba-oba bolup, sportuň dürli görnüşi, aýratyn-da, milli göreş, ylgaw, futbol we woleýbol boýunça ýaryşlary geçirendigini uly ýaşlylar gürrüň berýär. Bu, bir tarapdan, ýaşlarda sporta höwesiň hemişe bolandygyny görkezse, ikinji tarapdan, dürli görnüşler boýunça türgenleşer ýaly döwrebap desgalaryň-da gaty zerurdygyny aňladýar.

Nazar ÇÖLIÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiniň agzasy.