Göreş meýdançasyndan başlanan ýeňiş (Siziň deň-duşuňyz)

16 Awgust 2021
1055

Hawa, Guwanjyň ilkinji ýeňşi toýuň göreş meýdançasynda başlanypdy. Ol bu ýere jigisi Batyr bilen gelipdi. Daş-töweregi dürli ýaşdaky adamlar bilen gurşalan meýdançanyň ortasynda pälwanlaryň iki-üç sanysy öz aralarynda erjellik bilen güýç synanyşýardylar. Ýeňiş gazanan pälwanlar toý sowgatlary bilen sylaglanýardylar. Ynha, birdenem, tälimçi ýetginjeklerden göreşe höwes bildirýänleri bar bolsa, meýdança gelmegini haýyş etdi. Tälimçiniň bu eden teklibi Guwanjyň ýüregini okan ýaly boldy. Ol ilkinji bolup meýdança çykdy. Garşydaşyny örän gysga wagtda ýeňmegi ýaş ýigidiň bu ugra ymykly imrinmegine ilkinji ädim boldy.

Guwanç Hemraýew Saýat etrabyndaky 1-nji sport mekdebine gatnap, özüniň bu ugurdan ukyp-başarnygyny artdyrýar. Ol Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, türkmen milli göreşi boýunça sport ussady Narmämet Gurbanowdan tälim alýar. Mekdebiň halypa tälimçisinden tälim alan Guwanç türkmen milli we guşakly göreşiň syrly emellerini doly ele alýar. Şeýdip ýetginjegiň göreşe bolan yhlasy, çeýeligi ony az wagtyň içinde uly üstünliklere ýetirdi. Edil häzirki wagtda bolsa Guwanç Hemraýew türkmen milli göreşi boýunça «Türkmenistanyň çempiony» diýen ady göterýär.

Maral AKMYRADOWA,
«Nesil».