«7/24.tm», №33 (64), 16.08.2021.
Salam. Dogrymy aýtsam, näme diýjegimem bilemok. Soňky günler köp pikirlendim, näme diýjegim hakda kän oýlandym. Indem, dogrusy, pikirlenibem bilemok. Tutuş ömrüm bärde geçdi, indem şunça ýyldan soň, maňa ýaman agyr degýär. Men muňa taýýar däl. Dogrusyny aýtsam, geçen ýyl býurofaks we hemme zat bilen, näme diýesimiň gelýändigini bilýärdimem, ynanýardymam. Ýöne bu ýyl ... bu ýyl beýle däl.