Bagtyýar çagalar — Watanymyzyň geljegi
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanýan edermen gallaçylarymyz bereketli topragymyzdan bol hasyl alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Merdana gallaçy daýhanlarymyz sahawatly türkmen topragyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrdylar. Bu bolsa gallaçy daýhanlaryň döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikden peýdalanyp, ýurdumyzyň durnukly ösmegi ugrunda öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny görkezýär. Gallaçy daýhanlarymyzyň gazanan ajaýyp zähmet üstünlikleri mynasybetli 12-nji iýulda Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Bu ýerde bejergi alýan, saglyklaryny berkidýän çagalar özleri hakynda edilýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.