Ýakynda maýor Şöhrat Orazdurdyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde il sylagly ýaşulularyň we TMÝG-niň etrap geňeşiniň wekilleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilýän beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada giňişleýin gürrüň edildi. Şahyryň dürli temadaky şygyrlarynyň arasynda watançylyk, gahrymançylyk, mert, edermen ýigitleri terbiýeläp ýetişdirmäge degişli goşgularynyň uly orun tutýandygy barada aýdyldy. Wagyz-nesihat duşuşygy oňa gatnaşan harby gullukçylarda uly täsir galdyrdy.
Gülälek TAGANOWA,
maýor.