Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde, Magtymguly Pyragy we onuň edebi mirasy umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna goşuldy. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň döwlet durmuşynyň ynsanperwer ugurlarynda dana Pyragyny halkara derejesinde wagyz etmek bilen baglanyşykly alyp barýan ajaýyp syýasatynyň netijesinde biziň dünýämize ornaýar.
Dana Pyragynyň döredijilik dünýäsi ynsan kalbynyň köňül kelamy bolup, ol adamzadyň durmuş ýörelgelerini salgy berýär, halkara gatnaşyklarynda, döwletiň durmuş-ykdysady ösüşinde we jemgyýetiň kämilleşmeginde ruhy çeşme bolup hyzmat edýär. Dünýä içre dünýä bolup, şygryýete, edebiýata, medeniýete, mahlasy, külli türkmene nur saçýan Magtymguly Pyragy dünýä halklaryny bir supranyň başyna jemledi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen «Magtymguly» atly täze kitap neşir edildi. Täze neşiriň akyldar şahyr bilen baglanyşykly fotosuratlar bilen bezelmegi okyjyda özboluşly täsir galdyrýar.