Beýik akyldara bagyşlap

17 Iýul 2024
379

Öz halkyňy söýüp, beýiklige, mertebä ýetip bolýar. Dünýä nusgalyk eserleri bilen ynsanlaryň aň-düşünjesiniň kämilleşmeginde, baýlaşmagynda uly hyzmatlary bitiren, türkmen jemgyýetini kämillige ugrukdyryjy ynsanperwerlik, watançylyk ruhly söz keramatyny döreden akyldar şahyrlarymyzyň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Şahyry millilik çäklerinden çykaryp, ony bütin adamzat şahyryna öwren zat onuň öz halkyna, Watanyna bolan beýik söýgüsidir, il-gün hakyndaky aladasydyr. Akyldaryň öz döwründe dünýä, ynsan, ýaşaýyş baradaky pelsepewi garaýyşlary, jemgyýetiň, adamlaryň ruhy kämilligi baradaky wesýetleri halkyna bolan beýik söýgüsiniň netijesidir. Magtymgulynyň şahyrana dünýäsi giňdir. Şahyr döwrüniň ahlagyna, medeniýetine öz sesini goşan şahsyýet.

Magtymguly — terbiýe mekdebi. Ol ahlak, päk söýgi, watançylyk, gahrymançylyk barada söhbet edýär. Nesilleri watançylyk, gahrymançylyk, päk ahlaklylyk duýgusy esasynda terbiýelemäge aýratyn üns berýär. Dana Pyragy ynsan kalbyny heýjana salýan ynsanperwer şahyrdyr. Biz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde beýik akyldaryň arzuwlan eýýamynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýarys. Ynha, beýik akyldaryň adyny uly buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap geňeşi şahyryň şygryýeti arkaly ýaşlary watançylyk, gahrymançylyk, päk ahlaklylyk duýgulary esasynda terbiýelemek maksady bilen, «Magtymguly Pyragy — edep-terbiýe mekdebi» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Onda ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de mekdep mugallymlarynyň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda hem giňden bellenilýändigi aýratyn nygtalyp geçildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermere beslenen gözel paýtagtymyz Aşgabatda, Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy, şeýle-de bu medeni seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkelleriniň oturdylmagy bu dostlukly gatnaşyklardan nyşandyr. Çykyş edenler seýilgäh toplumynyň edebiýat söýüjileriň ýüregine ganat bolandygyny aýratyn nygtadylar. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar şeýle eşretli zamanany peşgeş beren, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

Gülşirin GAÝYPOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.