Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi özüniň köptaraplaýynlygy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçinem edebi mirasymyzyň özeni hasaplanylýan ol şygyrlaryň her setiriniň dür dänesine barabar gymmaty bar. Hususan-da, olarda adamlaryň gylyk-häsiýetleri, jemgyýetde özlerini alyp baryşlary, birek-birek bilen dost-doganlyk gatnaşyklary jemlenendir. Beýik akyldaryň bize galdyran edebi mirasynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän salyhatlylyk, jomartlyk, myhmansöýüjilik ýaly häsiýetler türkmen halkynyň myhmanparazlygyny, adamkärçiligini, gülerýüzlüligini çeper sözleriň üsti bilen kemsiz suratlandyrýar. Şeýle şygyrlarda şahyr myhman bolmak, myhman almak dessurlarynda mert ýigitleriň mertebesiniň has belende göterilýändigini nygtaýar. Ol goşgularyň köpüsi il içinde nakyllara öwrülip gidendir:
Ýigit diýgeç, hemme ýigit bir bolmaz,
Goç ýigitler myhmanynda bellidir.