Awazada döwrebap mümkinçilikler döredilýär

10 Awgust 2021
952

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň 1-nji awgustdan dynç alşa çykýandygyny yglan etdi.

7-nji awgustda, şenbe güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga başlan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary — Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow bilen «Awaza» köpugurly sport toplumynda bolup, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.

«Mugallymlar gazeti».