Berekella, Polina!

10 Awgust 2021
1026

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ösüşlere beslenen taryhy seneleriniň ýazgysynda türkmen sportunyň gazananlary hem öz mynasyp ornuny tapdy. Günüň dogýan ýurdunda geçen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda-da Aziýa, dünýä çempionatlarynyň medallaryny gazanan türgenler öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, baş baýraklar ugrunda bäsleşdiler. Aziýanyň birinjiligi ugrunda Daşkent şäherinde geçirilen sportuň agyr atletika görnüşinde türkmenistanly türgenleriň görkezen netijeleri, dörtýyllygyň esasy ýaryşynda ýeňiş gazanmaga ynam döredipdi. Garaşyşymyz ýaly, netijeli hem boldy.

XXXII Olimpiýa oýunlarynda sportuň bu görnüşi boýunça gatnaşan bäş ildeşimizden ýaryşa ilki Kristina Şermetowa goşulyp, ol 55 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Ildeşimiz baýrakly orna mynasyp bolup bilmese-de, ilkinji altylygyň sanawyna girmegi başardy.

Meýlis GARAJAÝEW,
«Türkmen dünýäsi».