Ildeşlerimiz sport baýramçylygynda

23 Iýul 2021
1028

Hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde gulluk iş saparynda boldy.

Bu gün türgenlerimiziň dünýäniň iň iri ýaryşlaryna gatnaşmagy köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalarynyň netijesidir. Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň Tokio şäherine iberilmegi bolsa ýurdumyzyň türgenleriniň ýeňiş gazanyp, Watanymyzyň Tuguny belentde parlatjakdygyna bolan ynamy artdyrýar.