Ezberler ýetişdirilýär

23 Iýul 2021
954

Gahryman hem mähriban Prezidentimiz türkmen halkynyň saglygyny goramakda we berkitmekde bedenterbiýe we sporty ösdürmegiň iňňän uly ähmiýetine üns berýär. Sebäbi durmuş tejribesinden görnüşi ýaly, sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolup durýar. Şonuň üçinem Arkadag Prezidentimiz halk köpçüligini, öňi bilenem, ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmek bilen il- -gün bähbitli işe badalga berdi.

Biziň döwrebap sport mekdebimizde-de ýaşlaryň onlarçasy sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýar. Bilşimiz ýaly, sportuň woleýbol görnüşi ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolup, onuň bilen meşgullanýanlaryň sany ýylsaýyn artýar. Men sport mekdebimizde türgen gyzlara sportuň woleýbol görnüşi boýunça tälim berip, olaryň ussat woleýbolçylar bolup ýetişmekleri ugrunda aladalanýaryn. Mekdebimizde ezber woleýbolçylary ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar. Biz häzirki wagtda şu günüň bildirilýän talaplaryny berk berjaý edip, woleýbolçy gyzlar bilen türgenleşikleri geçirýäris.