Türkmen türgenleri Tokioda geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşarlar

18 Iýul 2021
850

16-njy iýulda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary we talyplary, sport weteranlary, giň jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar.

23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda boljak giň gerimli wajyp ýaryşlara badalga berilmegine bir hepdeden hem az wagt galdy. Oňa däp boýunça dünýäniň dürli ýurtlarynyň saýlama türgenleri gatnaşarlar. Olaryň hatarynda biziň türgenlerimiziň hem çykyş etjekdigini bellemeli.

«Bereketli toprak».