Biziň olimpiýaçylarymyz

17 Iýul 2021
1040

Düýn Aşgabatda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyna ak pata bermek dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, dünýäniň iň iri sport baýramçylygy bu gezek 23-nji iýul — 8-nji awgust aralygynda geçiriler.

Garaşsyz Türkmenistanyň wekilleri Olimpiýa oýunlaryna 1996-njy ýyldan bäri yzygiderli gatnaşyp gelýärler. Biziň türgenlerimiz Olimpiýa medalyny gazanmak üçin ýaryşdan-ýaryşa terjibesini artdyryp, gazanýan netijesini gowulandyrýarlar.

Taýýarlan Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.