Güneşli Diýardan Günüň dogýan ýurduna

16 Iýul 2021
1037

Türkmenistanly türgenler tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar

Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan Olimpiýa oýunlary 1896-njy ýyldan bäri häzirki görnüşinde geçirilip gelinýär. Bu Oýunlar bütin adamzady jebisleşdirýän sportuň we dostlugyň baýramçylygydyr. Dünýäde saglyk bilen baglanyşykly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar bizi ajaýyp sport baýramçylygyna — XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna bir ýyl artyk garaşmaga mejbur etdi. Sanlyja günden dünýäniň 200-den gowrak döwletinden 12,5 müňe golaý türgeni bir ýere jemlejek Olimpiýa oýunlarynyň bäsleşikleri 23-nji iýul — 8-nji awgust aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçiriler.

Taýýarlan Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».