20-nji «Uly tuwulgasy»

15 Iýul 2021
967

Möw­sü­miň 3-nji «Uly tu­wul­ga» ten­nis ýa­ry­şy «Wimb­le­don­da» er­kek­le­riň ara­syn­da ser­bi­ýa­ly No­wak Jo­ko­wiç, ze­nan­lar­dan awst­ra­li­ýa­ly Eş­li Bar­ti ýe­ňi­ji bol­dy.

Ge­çen ýyl ge­çi­ril­me­dik bäs­le­şi­giň er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fi­na­lyn­da Jo­ko­wiç ita­li­ýa­ly Mat­teo Ber­ret­ti­ni bi­len du­şuş­dy. Sa­na­wyň 7-nji bel­gi­li ten­nis­çi­si Ber­ret­ti­ni il­kin­ji «Uly tu­wul­ga» fi­na­lyn­da oý­nap, ol bi­rin­ji set­de taý-bre­giň ne­ti­je­sin­de 7:6 öňe saý­lan­dy. Ýö­ne on­dan soň­ky set­ler­de sa­na­wyň bi­rin­ji bel­gi­li­si Jo­ko­wiç er­jel­li­gi el­den ber­män ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. 2-nji we 3-nji set­ler­de 6:4 ýe­ňiş ga­za­nan ser­bi­ýa­ly ten­nis­çi 3-nji set­de-de 6:3 üs­tün çyk­dy. Şeý­le­lik­de, 3 sa­gat 24 mi­nut­lap do­wam eden fi­nal­da 3:1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan 34 ýa­şyn­da­ky No­wak Jo­ko­wiç «Wimb­le­don­da» yz­ly-yzy­na 3-nji, umu­my­lyk­da 6-njy ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. 20-nji «Uly tu­wul­ga» çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nan Jo­ko­wiç, bu ugur­da şweý­sa­ri­ýa­ly Ro­jer Fe­de­re­riň hem-de is­pa­ni­ýa­ly Ra­fa­el Na­da­lyň re­kor­dy­na şä­rik bol­dy. Şeý­le-de, 1,7 mil­li­on funt ster­ling pul baý­ra­gy­ny hem ga­za­nan Jo­ko­wiç kar­ýe­ra­syn­da­ky 85-nji ku­bo­gy­ny eýe­le­di.