Asmana göterilen kuboklar

14 Iýul 2021
899

Tennis boýunça ýylyň 3-nji «Uly tuwulga» bäsleşigi «Wimbledon» ýaryşy tamamlandy. Erkekleriň arasynda serbiýaly Nowak Jokowiç çempion bolup, ol finalda italiýaly Matteo Berrettinini 6:7, 6:4, 6:4 we 6:3 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Şunlukda, Jokowiç «Wimbledon» tennis ýaryşyndaky 6-njy çempionlygyny gazandy. Onuň «Uly tuwulga» kuboklarynyň sany 20-ä ýetip, ol bu ugurda şweýsariýaly Rojer Federer hem-de ispaniýaly Rafael Nadalyň rekordyna şärik boldy. 34 ýaşyndaky Jokowiç ATP-niň bäsleşiklerinde 85-nji kubogyny eýeledi.

Zenanlaryň arasynda sanawyň birinji belgilisi, awstraliýaly Eşli Barti ýeňiş gazanyp, ol finalda çehiýaly Karolina Plişkowadan 6:3, 6:7 we 6:3 hasaplar bilen üstün çykdy. «Wimbledondaky» ilkinji çempionlygyny gazanan Barti «Rolan Garrosdan» soň 2-nji gezek «Uly tuwulga» kubogyny asmana göterýär. Bu onuň WTA-nyň ýaryşlaryndaky 11-nji çempionlygydyr.