NHL-de ýeňijiler üýtgemedi

14 Iýul 2021
1122

Hokkeý boýunça Amerikanyň milli ligasy NHL-de çempion belli boldy. Final duşuşyklarynda öňe saýlanan «Tampa Beý Laýtning» topary yzly-yzyna 2-nji çempionlygyny gazandy. Florida ştatynyň wekili final oýunlarynda «Monreal Kanadiens» topary bilen duşuşdy. 1 we 2-nji duşuşyklar Monreal şäherinde oýnaldy. Bu iki duşuşykda-da myhmançylykda «Tampa Beý Laýtning» topary degişlilikde, 5:1 we 3:1 hasaplar bilen üstün çykdy. 9 pökginiň geçirilen 3-nji duşuşygynda «Tampa Beý Laýtning» öz meýdançasynda 6:3 hasabynda ýeňiş gazanyp, umumy hasaby 3:0-a ýetirdi we ýeňşe golaýlady. Ýöne çekeleşikli geçen 4-nji duşuşykda garaşylmadyk hasap ýüze çykdy. Bu oýunda monreallylar erjellik görkezip, goşmaça wagtda 3:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Umumy hasap 3:1 bolany üçin ýene bir duşuşyk oýnalmaly boldy. Bu oýun bolsa, Monreal şäherinde geçirildi. Dartgynly we çekeleşikli geçen oýunda floridalylar 1:0 hasabynda ýeňşini baýram etdi. «Tampa Beý Laýtning» toparyna çempionlyk gazandyran şaýbany Ross Kolton derwezä girizdi. Şeýlelikde, 4:1 hasabynda öňe saýlanan «Tampa Beý Laýtning» topary bassyr 2-nji, umumylykda-da 3-nji gezek (2004, 2020, 2021) NHL-iň çempiony hökmünde Stenli Kubogyna mynasyp boldy.