Sähedi süýşürilen toý (Janköýeriň ýazgylaryndan)

9 Iýul 2021
1142

Toý bir gowy zat. Has hem onuň boljak-boljak uçurlaryndaky süýji hysyrdylaryň lezzeti üýtgeşijek. Ýöne şol süýji lezzetleriň humarynda gezip ýören mahalyň arzyly toýuň sähedi süýşürilse welin...

Bir gowy dostumyň toýy ýadymda. Şol dostumyň toýy-da alkyma gelen mahaly gijikdirilmeli bolupdy, sähedi süýşürilipdi. Dostum häli-häzirlerem öz toýundaky käbir kemçilikleriň, käbir gowy zatlaryň ählisiniň sebäbini toýuň sähediniň süýşürilmegine baglaýar. Şonuň üçin hem onuň toýy baradaky sözleri, köplenç, «eger», «käşgä», «belki» sözleri bilen başlaýar. Ýöne barybir dostumyň toý baradaky ýatlamalarynyň hemmesinde üýtgeşik bir ýakymlylyk bar. Sebäbi haçan bolandygyna, nähili geçendigine garamazdan, ol toý onuň öz toýudy. Biziň bu günki söhbedimiz bolsa, tä küştdepdä çenli sebäpkäri mälim bolmadyk, sähedi bir ýyl soňa goýlan toý — nesibesi 2021-nji ýyla çeken Ýewro — 2020 barada.

Mätgurban MÄTGURBANOW,
"Nesil".