Sportuň sarpalanýan eýýamy

7 Iýul 2021
1008

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda, ähli ugurlara bolşy ýaly, sporta hem uly üns berilýär. Ýaşlarymyzyň bilim-terbiýe, dynç almaklary, sport bilen giňden meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär.

Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda gurlup, ulanylmaga berlen sport mekdepleri we beýleki sport desgalary ýaşlarymyzyň sporta bolan höweslerini has-da artdyrdy. Biziň etrabymyzda hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde iki sany sport mekdebi gurlup, ulanylmaga berildi. Şol döwrebap sport mekdepleriniň biri biziň Madaw obamyzda ýerleşýär. Onda türgenleşmek, ýaryşlary geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Sportuň futbol, woleýbol, ýeňil atletika, milli göreş we beýleki görnüşleri bilen meşgullanmaga bu ýerde ajaýyp şertler bar.

Permangylyç BABAGYLYJOW,
Etrek etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi.