Körpeleriň başarnygy

6 Iýul 2021
927

Sarahs etrabyndaky “Älemgoşar” atly 1-nji çagalar bakja-bagynda sport oýunlarynyň ähmiýetini we sagdyn durmuşy açyp görkezýän bäsleşik geçirildi. Etrabyň bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň meýilnamasy esasynda geçirilen bäsleşikde ýaş nesliň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegini gazanmak we sporta höwesini artdyrmak maksat edinildi.

Bäsleşige gatnaşýan körpeleriň ýerine ýetirmeginde sport hakynda aýdymlar aýdylyp, goşgular okaldy. Maşk tanslarynyň, gyzykly hem-de täsirli sport oýunlarynyň, şol sanda türkmen milli oýunlarynyň ýerine ýetirilmegi aýratyn täsirli bolup, körpeleriň ukyp-başarnyklaryny görkezdi.

Azat ÖWEZGURDOW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Sarahs etrap Geňeşiniň başlygy.