Saglygyň sakasy — sport

23 Iýun 2021
1128

Pederlerimiz: “Hereket — bu durmuş” diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Ömrüňi uzaltmak üçin elmydama hereket etmeli, sport bilen yzygiderli meşgullanmaly. Sebäbi, işjeň hereketlilik adamyň bedenine, ruhuna oňaýly täsirini ýetirýär. Bedenterbiýe maşklary ýerine ýetirilende, adamyň gan aýlanyşygynyň kadalaşmagynyň netijesinde bedeniň kislorod we iýmit üpjünçiligi gowulanýar. Bu bolsa, ynsanyň özüni gowy duýmagyna, şähdiniň açyk bolmagyna getirýär. Sebäbi, sport ýaşaýşyň gözelligidir.

Ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen baglanyşykly işler giň gerimde alnyp barylýar. Halkyň saglygy hakynda alada, adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýamyzda: “Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär” diýlip kesgitlenilýär. Şu jähetden, Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi ilerledýän birnäçe kanunlar we maksatnamalar kabul edildi we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmegiň, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň, olaryň guramaçylyk-hukuk kadalary soňky ýyllarda kabul edilen “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Professional sport hakynda”, “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda”, “Atçylyk we atly sport hakynda”, “Meýletinçilik hakynda”, “Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynda, şu ýylyň ýanwar aýynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan “2021 — — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynda” we beýleki hukuk namalarynda öz beýanyny tapýar. Amala aşyrylýan özgertmeleriň, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň we ägirt uly taslamalaryň özeninde döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş gymmatlygy hasaplanylýan adamyň saglygy durýar. Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri ynsana öz mümkinçiliklerini açmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz: “Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, raýatlarymyzyň işjeňligini artdyrmaga hem-de saglygyny berkitmäge hemişe uly üns bereris” diýip, belleýär. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak adamyň beden, intellektual, estetik, ahlak we erk-ygtyýarlylyk häsiýetlerini kemala getirmäge oňyn täsirini ýetirýär, işbaşarjaňlygyny artdyrýar. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, sport hemmelere gerekdir we her bir adam üçindir! Sebäbi, sport diňe bir beden taýdan kämilleşmek däl, eýsem, ruhubelentligiň we öz-özüňi ýüze çykarmagyň erkinligidir. Munuň özi açyşlaryň we ýeňişleriň, täze mümkinçilikleriň hem-de has ýokary maksatlaryň doly şatlygy bolan tutuş dünýädir.