Sportuň aýrylmaz şahasy

21 Iýun 2021
1099

Köpçülikleýin sportuň we bedenterbiýäniň aýrylmaz şahasyna öwrülen welosipedli ýörişler ýurdumyzda däbe öwrüldi. Bu ýöriş soňky ýyllarda aýratyn ýörgünli boldy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýanyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen degişli Kararnama kabul edilip, Bütindünýä welosiped güni döredildi. Şonuň netijesinde hem her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek asylly däbe öwrüldi. Dünýäniň 56 döwleti Bütindünýä welosiped güni baradaky Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.