Ruhubelentligiň mekany

9 Iýun 2021
1087

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda adam we onuň saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatynda alnyp barylýan ägirt uly işler özüniň oňyn netijelerini berýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Halkara Olimpiýa komiteti we sport federasiýalary bilen ýygjam gatnaşyk alnyp barylýar, sportuň köp görnüşleri, şol sanda welosiped sporty barha uly ösüşlere eýe bolýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýan ajaýyp Olimpiýa şäherçesi diňe bir halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänliginiň nyşany däl-de, eýsem, halkymyzyň sporta bolan söýgüsiniň hem nyşanydyr. Bu ýerde 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylyň noýabrynda bolsa Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi.

Güýçmyrat GAPBAROW,
Daşoguz şäher kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.