Eýranly türkmen russiýada ýylyň futbolçysy boldy

8 Iýun 2021
1227

«Zenit» futbol klubunyň hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmun 2020 — 2021-nji ýylyň möwsüminde Russiýanyň Premýer ligasynyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi. Geçirilen ses berlişikde 76 utuk toplan eýranly türkmen ýigidi birinji orny eýeledi. Ol geçen möwsümde topary bilen 24 duşuşyga gatnaşyp, 19 gezek tapawutlanypdy. Şeýle hem bassyr üçünji gezek Russiýanyň çempiony boldy.

Ýylyň iň gowy futbolçysyna berlen seslerde 61 utuk bilen ikinji orna «Zenitden» Artýom Dzýuba, 51 utuk bilen üçünji orna «Soçiden» Kristian Noboa mynasyp boldy. Ses berlişige Tinkoff ― RPL-niň baş tälimçileri, kapitanlary, Russiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Stanislaw Çerçesow we «Matç Premýer» teleýaýlymynyň sport teswirçileri gatnaşdylar.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.