Ýaryş çekeleşikli geçdi

6 Iýun 2021
1094

Sarahs etrabyndaky «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» ady bilen welosiped ýaryşy geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli guralan ýaryşa müdirlikde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.

Şöhratly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny dabaralandyrmak, ýaşlary sport-sagaldyş hereketlerine, köpçülikleýin bedenterbiýä çekmek hem-de olaryň sporta höweslerini artdyrmak maksady bilen geçirilen ýaryş oňa gatnaşyjylar üçin özboluşly synaga öwrüldi. Olar ýaryşda bellenilen aralygy geçmek bilen, welosiped sportuny özlerine hemra edinendiklerini we bu ugurda barha taplanýandyklaryny görkezdiler.

Azat AÝTMYRADOW,
Sarahs etrabyndaky «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.