Ruhubelentligiň baýramy

4 Iýun 2021
1139

Düýn Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çäreleri, köpçülikleýin welosipedli ýörişler guraldy. Mälim bolşy ýaly, sagdynlygyň we ruhubelentligiň özboluşly baýramçylygyna öwrülen, her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýän bu sene Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredildi hem-de ol sportuň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanýan ýurdy hökmünde eziz Watanymyzyň dünýädäki belent ykrarnamasy bolup, dünýä senenamasyna girdi. Düýnki geçirilen köpugurly çäreler hem bu aýdyň hakykatyň nobatdaky subutnamasy boldy.

AHALDA

(Öz habarçylarymyz).