Ýaş tennisçileriň üstünligi

25 Maý 2021
962

AK BUGDAÝ. Etrapdaky takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň sport zalynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde kabul eden meýilnamasynyň çäginde guralan ýaryşa etrapdaky orta mekdepleriň ýokary synp okuwçy oglan-gyzlaryndan düzülen toparlar gatnaşdy.

Ýaşlarda sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşine bolan isleg örän ýokarydyr. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanyp, barha taplanýan ýaşlaryň arasynda mekdep okuwçylarynyň hem sany az däldir. Bu hakykaty okuwçy ýaşlaryň arasyndaky nobatdaky ýaryş aýdyňlygy bilen görkezdi.