Sahnada zamananyň keşbi

21 Aprel 2021
1369

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet ulgamy Garaşsyz türkmen döwletini mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Bu işde teatr sungatyna hem örän uly orun degişlidir» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz teatr işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Döredilýän şertdir mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan sungat ussatlarynyň arasynda guralýan bäsleşikler zehinleriň ýüze çykmagyna ýardam berýär. 

Welaýat döwlet drama teatrynda welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda welaýatyň halk teatrlarynyň we gurjak halk teatrlarynyň arasynda «Sahnada zamananyň keşbi» atly bäsleşik geçirildi. Maksady teatryň döredijilik işini has-da kämilleşdirmekden we sahnalaşdyrylýan oýunlaryň türkmen halkynyň milli ruhuna mahsus döwrebap döredilmegini gazanmakdan, şeýle-de döredijilik işgärlerini höweslendirmekden, ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan ybarat bolan bäsleşikde artistler asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, kämilleşip gelýän milli medeniýetimizi, taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy wasp edýän sahna oýunlaryny ýerine ýetirdiler. Ýaş höwesjeňler ynanylan keşbi janlandyrmakda, türkmen halkyna mahsus bolan häsiýetleri açyp görkezmekde yhlas-başarnyklaryny görkezdiler.

Oguljennet ORAZOWA.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».