Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz

21 Aprel 2021
1392

Golaýda paýtagtymyzdaky Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atly sportuň konkur görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu ýaryşlara atly sportuň köpsanly janköýerleri bolan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, talyp ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen konkur ýaryşlarynyň nobatdaky tapgyryna türgenleriň 14-si öz bedewleri bilen gatnaşdylar. Ir säher bilen bäsleşigiň geçirilýän meýdançasynda hakyky baýramçylyk joşguny emele geldi. Gyzgalaňly geçen ýaryşyň birinji tapgyrynda bedewler 1,10 metr beýiklikdäki päsgelçilikleriň 12-sinden böküp geçmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga olaryň 10-sy hukuk gazandy. Ikinji tapgyrda 1,20 metr beýiklikdäki päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryşan bedewleriň üçüsi deň netije görkezdiler. 1,30 metr beýiklikdäki päsgelçilikleriň 8-sinden böküp geçmek boýunça üçünji tapgyr hem diýseň çekeleşikli boldy. Bäsleşigiň jemleri boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Ýazgeldi Garajaýew özüniň Altynhan atly bedewi bilen birinji, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Seýidymam Seýidow Akgala atly bedewi bilen ikinji, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň türgeni Annadurdy Ballyýew bolsa Galkynyş atly bedewi bilen üçünji orny eýelemegi başardy. Ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde geçiriler.

«Aşgabat».