Mermer şäher — Aşgabat

14 Aprel 2021
1202

Aşgabadyň goýnunda geçirýän ajaýyp günlerimiň her biri öz talyplyk ýyllarymyň ýakymly ýatlamalary bilen kalbymda aýratyn orun alýar. Okuwa girenim ýaňy ýalydy, eýýäm okuwymyň üçünji ýylyny tamamlap barýan. Wagt edil ula goýberilen bedew ýaly töweregine seretmän, uly tizlik bilen çapyp barýar. Şeýle pursatlarda kalbyňda dörän ylhamy eliňe galam alyp, joşgunly beýan etseň, ajaýyp eser öz-özünden döreýän eken.

Hawa, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan taýýarlyk çärelerini görmek buýsandyrýar. Aşgabadyň geçen taryhy ýoly barada dörän gyzyklanma, onuň taryhda eýelän uly ornuny düýpli öwrenmegime sebäp boldy. Şeýlelik bilen, bu barada maglumat ýygnamak üçin Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndaky taryhy kitaplara salgylanmaly boldum. Şeýdip, döwlet kitaphanamyza gatnap ugradym.

Gözel EMINOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.