Dutaryň owazy — köňül kelamy

12 Aprel 2021
1135

Geçen hepdäniň anna güni Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uly dabara beslenip geçirilen bu bäsleşik milli saz sungatymyzyň ösüşine täze öwüşgin çaýmakda, dutar ýasamak senetçiligini ösdürmekde we dutarda saz çalmagyň, aýdym aýtmagyň gadymy nusgalaryny has-da kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, bu ugurdan ussatlary öňe çykardy.

Ninel BABAÝANS,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.