Gabanjaň kepderiler

12 Aprel 2021
2159

Men çagakam goňşymyz kepderi saklaýardy. Şol döwürden meniňem kepderilere mährim gidip, «Mende-de şeýle akja kepderiler bolaýsa» diýip arzuw ederdim. Ine, bir gün heniz-henizler amala aşaram öýtmedik şol arzuwym hasyl boldy oturyberdi. Bilmedim, her günde goňşymyzyň kepderlerini gözügidijilik bilen synlap ýörenime dözmedimi ýa-da özüniňem goňşymyzdan kem galasy gelmedimi, garaz, bir gün kakam bir tarapyna tor çekilen içi bäş sany akja kepderili gutyny alyp geläýdi. Gözlerini ýyldyradyşyp oturan kepderileri görüp, begenjime güni bilen olaryň töwereginden aýrylmadym. Kakam olara ketek ýasanda eline iş ýetirmän, köp işi özüm etdim. Ana, şol gündenem men özbaşdak kepderili adam boldum. Okuwdan boş wagtym bar işimem, aladamam şol kepderilerim bolaýdy. Günde bilenim-bitenim şol kepderilerim bolansoň, menem olara şeýle bir öwrenişipdirin, soňabaka olaryň her bir hereketinden näme isleýänini bilip başladym. Olaram meniň aladalarymy duýandyr-da, asmana uçuranymda meniň göwnümi tapjak bolşup, baý, aşyr atyp oýun edýärler-ä. Ýere düşensoňlaram, «Tansymyz göwnüňden turdumy?» diýýän ýaly gugurdaşyp, daşymdan pyr-pyr pyrlanýarlar. Menem olary ýeke-ýeke aýama mündürip, hoşallygymy bildirýärin.

Ine, şeýdip az wagtdan kepderilerim bilen bagrym badaşan ýaly bolaýdym. Olaram meň bilen kemsiz öwrenişip gitdiler. Özlerem ýylba-ýyldan köpelýärler. Menem olaryň köpelenine begenýärin. Begenmez ýalymy, baryny birden asmana uçuryp goýbereniňde depäňde bir giden ak bägüller gaýyşyp ýören ýaly bolsa?!

Nurberdi DÄDEBAÝEW,
ýazyjy.