Nemonyň başdan geçirmeleri

29 Mart 2021
998

«Nemonyň gözleginde» atly multfilm «Pixar Animation» studiýasy tarapyndan döredilýär. Bu animasiýa eseri ilkinji gezek 2003-nji ýylyň 30-njy maýynda ýaýlyma berilýär. Studiýanyň animasiýa dörediji hünärmenleri bu multfilmde masgarabaz balygy baş keşbi janlandyrsa has şowly çykjakdygyna ynanypdyrlar. Bu hakykatdan hem şeýle boldy. Multfilm Nemo atly kiçijik masgarabaz balygyň hem-de kakasy Marliniň başdan geçirmeleri esasynda döredildi.

Marlin öz ogly Nemony diýseň gowy görýär. Ol elmydama öz ogluna gözegçilik edýär. Emma günlerde bir gün Nemo balykçynyň toruna düşüp, kakasyndan aýra düşýär. Balykçy diş lukmany bolup işleýär. Ol Nemony iş otagyndaky akwariuma goýberýär. Şeýlelik bilen adyndan hem belli bolşy ýaly, Marlin öz oglunyň, ýagny Nemonyň gözlegine başlaýar.