Dünýäniň juwan mukamy

29 Mart 2021
1304

Rowaýata görä, ilkinji ynsan çagasyny sudurdan jana getiren saz bolanmyş. Ene süýdüne togap edip ýaşaýan, dogduk topragyň duzuny haklamagy ömrüniň manysyna öwren islendik adamdan: «Bu barlygyň görki näme?» diýip sorasaňyz, «Sallançagy üwräp, hüwdi aýdyp oturan ene» diýip, jogap bererler.

Bu, dogrudanam, şeýle. Ene hüwdüsiniň bize şeýle jadylaýjy täsirini nähili düşündirjek, eýsem? Bu mukam her bir adamyň gulagynda däl, ýüreginde ýaşaýar. Sallançagyň ikiýana çyrpynýan siňňitli yrgysy ynsan balasyny aglap durka köşeşdirýär, onuň kalbyna asudalyk, imisalalyk siňdirýär. Şol yrgynyň ýany bilen pessaýja eşidilýän ene hüwdüsinde çaga bir ömürlik sargyt bar. Ýaňy dünýä gelen bala ony diňläp, süňňüne sorýar. Şeýdibem, biziň ruhy synamyz ynsanlyk keşbine gelýär. Nädip gelmesin, eziz eneň saňa ýüreginden çykýan aýdymyny aýdyp hiňlenende:

Gülälek ORAZOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzasy.