Ussat gyjakçy

28 Mart 2021
1532

Meşhur gyjakçy Annageldi Jülgäýew çagalykdan gyjak çalyp, bu milli saz guralyna maýyl bolupdyr. Ýaşajyk ýegeninde saza bolan üýtgeşik zehiniň, höwesiň, ukybyň bardygyny aňan meşhur sazanda Pürli Saryýew ony Aşgabada getirýär. Şeýlelikde, ol Pürli agalarda saz dünýäsiniň içinde ýaşap ugraýar. Bir gün daýysy Annageldini çeperçilik we saz ugrundan bilim berýän tehnikuma alyp barýar. Annageldi synaglardan üstünlikli geçip, tehnikumyň skripka bölüminde okap başlaýar we iki ýyllap skripkada saz çalmagyň inçe tärlerini öwrenýär. Türkmenistanyň halk artisti, dutardyr gyjakda saz çalmagyň ussady Pürli Saryýewiň tagallasy bilen tehnikumda türkmen gyjak bölümi açylýar. Ozaldan türkmen gyjagyny çalmaga höwesi bolan Annageldi şol bölüme ilkinjileriň hatarynda geçýär.

1941-nji ýylda Anageldi Jülgäýewiň kakasy Watan goragyna gidýär. Maşgalada çagalaryň ulusy bolansoň, hojalygyň ähli işleri onuň gerdenine düşýär. Anageldi tehnikumy üstünlikli tamamlap, 1942-nji ýylyň ýanwarynda Türkmen döwlet filarmoniýasynyň sazanda Pürli Saryýewiň ýolbaşçylygyndaky halk saz gurallary orkestrine işe baryp, bu ýerde ussat dirižýor Georgiý Arakelýandan nota boýunça gyjak çalmagy öwrenýär. Annageldiniň Mämmet hem ansamblda dutarçy bolup işe başlaýar. Ýöne Annageldi obada ýaşaýan ejesidir jigilerine kömek etmek maksady bilen, Arakelýandan özüni işden boşatmagy soraýar. Halypa dirižýor onuň bu pikirini unamaýar: «Seni goýberip bilmen, uruş bir wagtlaýyn zatdyr, bu kynçylyklar geçer. Seniň geljekde tanymal sazanda bolup ýetişmegiň üçin zerur zatlaryň ählisi barka, işiňi taşlap, oba gitseň, oba hysyrdylarynyň arasynda ýitip gidersiň» diýýär. Şeýlelikde, ol filarmoniýada işini dowam edýär. Bu ýerde ilki sazanda, soň solist bolýar. Aradan biraz wagt geçensoň, saza bolan üýtgeşik höwesidir zehininiň, başarnygynyň bardygy üçin Arakelýan sazanda Şamyrat Gurbannepesow bilen ony özüne kömekçi dirižýor edip, olara bu käri öwredip ugraýar. Annageldi Jülgäýew ilkinji halypalary hökmünde daýysy Pürli Saryýewi, Ýewropadyr dünýä sazlaryna bolan höwesini artdyran Arakelýany hemişe ýatlardy.

Begenç ESENOW,
žurnalist.